Ï Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy

view-icon 4144
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Dabara gatnaşan Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri halkara we ýurt derejelerinde korrupsiýa garşy alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar hem-de bu babatda IACA bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki mümkinçilikleri belläp geçdiler.

Korrupsiýa garşy halkara akademiýa halkara gurama hökmünde 2010-njy ýylda döredilýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmak üçin bu Akademiýa synçy statusy berilýär. Akademiýa BMG we onuň UNODC ýaly degişli düzüm birlikleri, Interpol, ÝHHG, OECD ýaly guramalar bilen ugurdaş işleri özara hyzmatdaşlykda alyp barýar.