Türkmenistanyň Sungat sergileri müdirliginiň zalynda birbada iki serginiň açylyşy boldy: Rüstem Abdyllaýewiň şahsy sergisi we Lebap welaýatyndan 27 sany suratkeşiň umumy sergisi.
Açylyş suratkeşleriň we şekillendiriş sungatyny söýüjileriň arasynda uly seslenme döretdi, bu bolsa dessine sergä gelýänleriň sanyna täsir etdi. Hakykatdan-da, pikirleriň täzeligi, reňkleriň parlaklygy we görkezilýän işlerdäki gahrymanlaryň özüne çekijiligi hemmeleri geň galdyrdy.
Şahsy serginiň başlanýan ilkinji işlerden biri Rüstem Abdyllaýewiň «Suw kenarynda» suratydy. Bu suratda adaty däl bir nazardan – guş uçar beýiklikden gije wagty ýiti egremli derýa görünýär. Umumy görnüş ýyldyrymyň yzyny ýa-da gijeki asmanda Akmaýanyň ýoluny ýatladýar. Lebap peýzažçylary, köplenç, kenary gür ösümlige bürenip oturan tereň derýany şekillendirmek bilen, «Amyderýa» mowzugyna ýüzlenýärler, muny sergide goýlan işler-de subut edýär.
Rüstem Abdyllaýew – «Maşgala» suratlar tapgyrynyň awtory. Gadymy döwürde ulag serişdesi hökmünde hyzmat eden köne araba suratkeşiň suratlarynda maşgala ojagy hökmünde görkezilýär, bu – çarwa durmuşy üçin tebigy zat. Suratkeş wagtal-wagtal ýene-de bu mowzuga ýüzlenýär we köp ýyl mundan ozal türkmen topragynda ýaşan agzybir maşgalanyň bagtly durmuşyndan täze bir parçany görkezýär.
Sergide gowy surat köp. Heýkeltaraş Baýram Jumanyýazowyň «Merjeniň portreti» işi şowuna düşüpdir. Ussa gyzjagazyň häsiýetini takyk beýan edipdir – biraz läliksiredilen, birneme näzli, ýöne örän maýyl ediji.
Fotosurat sergisi-de gelenleri özüne çekýär. Onuň bir dem-de tomaşaçysyz galmaýandygy bellärliklidir. Awtor Ahmet Hallyýew gadymy golland sungatyna meýil bildirmek bilen gahrymanlaryny aýdyň ýagty ýüzli edip görkezýär. Ussa daşky gurşaw hökmünde gollandiýaly suratkeşleriň öz suratlaryny bezemek üçin ulanan zatlaryny ulanýar. Ahmet – nakgaş, ol bu sergide birnäçe surat görkezdi, surat almak bolsa onuň söýgüli meşgulyýeti. Ýöne onuň alan portretleri şeýle bir gowy welin, meşgulyýet bilen hünär ýerlerini çalşaýmasyn diýen pikir biygtyýar aklyňa gelýär. Ahmetde 2020-nji ýylda Dünýä suratçylar jemgyýetinden natýurmort ugry boýunça berlen «Dünýäniň iň gowy 100 suratçysy» şahadatnamasynyň bardygyny-da sözümize goşmalydyrys.
Sergide aýal portretleri gyzykly görkezilýär: Rüstem Abdyllaýewiň «Näzli gelin», Rahman Omarowyň «Oýa batan gelin», Hijran Gulamowanyň öz portreti. Portretleriň psihologik taýdan takyklanmagy möhümdir – olar modeliň şu pursatdaky keýpini takyk görkezýär.
Babamyrat Muhammedowyň «Ir ýagan gar», Rahman Omarowyň «Güýz manzarasy», Dilaram Hojaýynowanyň «Etýudy» we «Biziň ussahanamyz» ýaly Lebap peýzažlary-da özüne çekiji. Sergä gelenler Yhlas Allanazarowyň «Tomus» we «Çopanlar» suratlaryny-da içgin synlaýarlar.
Sergilerde görkezilen 260 işiň 110-synyň Rüstem Abdyllaýewiň galamyna degişlidigi bellärliklidir.
– Ýygyndymda, takmynan, ýene şunça surat bar, olaram tomaşaçylaryň baha bermegine garaşýar – diýip, ol gürrüň berýär. – Ýöne men Lebap welaýat Suratkeşler bileleşiginiň başlygy hökmünde Türkmenabadyň ähli suratkeşleriniň döredijiligini kärdeşlerine we şekillendiriş sungatyny söýýänlere görkezmek mümkinçiliginden peýdalanmaklaryny isledim.
– Lebaply suratkeşler hemme kişini geň galdyrdy – diýip, Türkmenistan Döwlet sungat akademiýasynyň ylymlar boýunça rektory Nurýagdy Ýagşymyradow garaşylmadyk ýagdaýda söze başlady. – Olaryň hemmesi diýen ýaly biziň akademiýamyzyň uçurymlary, men olardan başga netijä garaşamokdym hem – diýip, buýsanç bilen sözüniň üstüni ýetirdi.
Sergiler hemmelere uly ruhy lezzet we zalyň ümsümliginde suratkeşleriň görkezen eserlerini täzeden synlamak üçin ýene-de baryp görmek islegini döretdi.