Ï Teatryň täze sahna eserleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatryň täze sahna eserleri

view-icon 5751
Teatryň täze sahna eserleri

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzyň täsin gudratyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän zamanamyzyň ajaýyplyklaryny, jemgyýetimiziň nurana keşbini, şol sanda ýaşlaryň hyjuwly dünýäsini açyp görkezýän sahna eserlerini tomaşaçylara yzygiderli hödürleýär.

Munuň özi teatr muşdaklaryna türkmen halkynyň özboluşly hem-de dürdäne dünýäsine seýran etmäge, milletiň şöhratly geçmişini, bagtyýar şu gününi, nurana geljegini baglaýan ruhy ahwalat bilen içgin tanyşmagyna mümkinçilik döredýär. Şonuň bilen birlikde, teatrda dünýäniň nusgawy edebiýatyna, doganlyk halklaryň baý edebi mirasyny özünde jemleýän meşhur eserlerine hem yzygiderli ýüzlenilýär.

Ynha, ýaňy-ýakynda hem teatryň döredijilik topary täze sahna eserleriniň ikisini – dramaturg Aşyr Mämiliýewiň ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýan «Älemgoşarly tomus» hem-de Jora Hudaýberdiýewiň meşhur «Müň bir gije» ertekileriniň biri esasynda döreden «Müneçjim» spektakllaryny tomaşaçylara hödürledi. Tomaşaçylaryň hem-de sungat ugry boýunça hünärmenleriň oňyn bahasyna mynasyp bolan, ýaşlaryň öňünde durýan, ömrüň manysyny kesgitleýän ukybyňa görä hünär, ykbalyňa agramdaş ýanýoldaş saýlamak meselelerini öz içine alýan «Älemgoşarly tomus» spektaklyny teatr sahnasyna batly gadamlar bilen gelen ýaş, zehinli režissýor Tawus Hakimowa sahnalaşdyrypdyr.

Täze sahna eserinde oba ýaşlarynyň, olaryň dürli ýerlerde okap ýören, tomusky dynç alşa gelen deň-duşlarynyň, şeýle hem şäheriň şowhunly dünýäsiniň aýlawly akymyna düşen ýoldaşynyň ahwallary inçelik bilen yzarlanýar. Bu sahna eseriniň baş gahrymanlarynyň biri, ilki agronom bolmagy, soňra bolsa serhetçi kakasy ýaly harby ugur boýunça okamaklygy ýüregine düwen Leýliniň keşbini ýaş aktýor Enejan Mämmedowa ynandyryjy ýerine ýetiripdir. Spektaklyň baş gahrymanlarynyň ýene-de ikisini – sahnada başdan-aýak hereket edýän sazanda ýigit Şüküriň, ilki Leýla aşyk bolup, okuwa gidenden soňra, şäher durmuşyna özüni aldyran Nazaryň keşplerini janlandyran Şöhrat Atabaýewiň hem-de Döwlet Haýtgulyýewiň hem zähmetleriniň ýerine düşendigini bellemek bolar.

Teatryň ýaş aktýorlary Gülşat Jumaýewanyň, Remezan Allaberdiýewiň, Seýithan Seýithanowyň, Şöhrat Illiýewiň döreden dürli hünärler boýunça bilim alýan talyplaryň keşpleri-de şowly çykypdyr. Spektaklyň dowamynda beýan edilýän wakalaryň baş gahrymanlaryň biri Şüküriň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary bilen utgaşmagy sahna oýnunyň täsirliligini has-da artdyrypdyr.

Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetiren hudožnik Dilber Umarowanyň, saz bilen bezän Kemal Geldimyradowyň hem yhlaslarynyň ýerine düşendiklerini aýtmak bolar.

Teatryň döredijilik toparynyň döreden «Müneçjim» atly komediýasy-da ilkinji görkezilişinde tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Alijan Hemraýewiň sahnalaşdyran bu sahna eserinde maşgala gymmatlyklary barada söz açylýar. Bu sahna eserinde tikinçi bolup güzeranyny dolaýan maşgalabaşy Masruryň hökmürowan aýaly Mumeýmanyň tabşyrygy bilen müneçjim bolup bazara çykmagy, bu ýerde-de şa gyzyna gabat gelip, tötänleýin işleriniň ugruna bolmagy, soňra şa köşgünde baş müneçjim bolup, başdan geçiren täsin hem-de gülküli wakalary beýan edilýär.

Eseriň baş gahrymanlary Mumeýmanyň keşbini döreden Zöhre Şükürowanyň, Masruryň keşbinde çykyş eden Alijan Hemraýewiň döredijilikli gözlegleriniň ýerine düşendigini, teatryň baýry artistleri Aman Akyýewiň, Akmyrat Jumageldiýewiň, şeýle hem Seýithan Seýithanowyň sahnada döreden gahrymanlarynyň keşpleriniň hem şowly çykandygyny bellemek bolar. Spektaklyň dowamynda sahna bezegini ýerine ýetiren Dilber Umarowanyň we oýny saz bilen bezän Ruslan Hemraýewiň yhlasly zähmeti görünýär. Umuman, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny şowly çykan iki sany sahna eseri bilen gutlamak bolar.