Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýurdumyzda her ýyl Hasyl baýramy bellenýär. Bu döwletiň oba hojalyk işgärleriniň işine uly üns berýändigini aýdyň görkezýär. Şu gün baýramyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Yhlasly zähmet üçin minnetdarlyk» atly sergi açyldy.
Oba hojalyk işgärlerine bagyşlanan bu sergi iki mowzuk bölüme bölünýär. Birinji bölüm ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynda gazanan häzirki zaman üstünlikleri barada gürrüň berýär. Altyn başly bugdaý meýdanlaryny, uç-gyraksyz pagta meýdanlaryny, bakja ekinlerini, şeýle hem miweleriň we gök önümleriň bol hasylyny şekillendirýän halylar sergä aýratyn öwüşgin berýär. Sergini ak bugdaý desseleri we inçe süýümli pagta hem pile doly horjunlar-da bezeýär. Sergide ussat zergärleriň işleri – bezeg daşlaryndan we metaldan ýasalan pagta düýbi, bugdaý sümmülleri, üzümler-de görkezilýär.
Serginiň ikinji bölümi Türkmenistanda ekerançylygyň döreýiş we ösüş taryhyna bagyşlanýar. Merkezi Aziýada oturymly ekerançylygyň ilkinji alamatlarynyň gadymy Jeýtun obasynda (Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda) tapylmagy möhüm taryhy wakadyr. Ilkinji ekin meýdanlary Köpetdagyň eteginde, dag çeşmeleriniň golaýynda, ýazda suw dolýan gollarda ýerleşipdir. Suwarymly ýerlerde oturymly ilat ýuwaş-ýuwaşdan ýönekeý ekerançylyk hojalygy bilen meşgullanmaga uýgunlaşypdyr.
Gadymy ekerançylyk bolan ýerlerde tapylan zatlar sergide görkezilýär. Bular gadymy el degirmeni, daşly sokular, orak, hasyllylyk nyşanlary we daýhanlaryň aýal heýkeljikler görnüşindäki ybadat eden zatlary.
1904-nji ýylda amerikaly arheolog R.Pompelliniň ýolbaşçylygynda Änew depelerinde geçen gazuw-agtaryş işlerinde miladydan öňki 4-nji müňýyllyga degişli ak bugdaý däneleri tapyldy. Şondan bäri türkmen topragy ak bugdaýyň watany hasaplanýar. Sergide gymmatly eksponaty – ak bugdaý dänesiniň gipsdäki yzlaryny görmek bolýar.
Mundan soň Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüş taryhy XX asyryň 30-50-nji ýyllaryna bagyşlanýar. Şol ýyllarda alnan suratlarda pagta meýdanlary, ýygymçy gyz-gelinler, ilkinji traktor, gyzgalaňly hasyl ýygnama pursady, oba zähmetkeşleriniň janaýamazakly zähmeti görkezilýär. Türkmen halkynyň gadymy öý goşlary bilen doly bir türkmen öýi serginiň bezegidir.
Serginiň açylyşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, ylmy-önümçilik merkeziniň we Türkmenistanyň çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň milli institutynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat komitetiniň wekilleri çykyş etdiler.
Enejan Altyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüminiň müdiri.