Ï Soprano sesi we uly orkestr üçin konsertiň dünýä premýerasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Soprano sesi we uly orkestr üçin konsertiň dünýä premýerasy

view-icon 3705
Soprano sesi we uly orkestr üçin konsertiň dünýä premýerasy
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda ses we uly orkestr üçin «Asman hem deňiz pyşyrdysy» konsertiniň dünýä premýerasy diňleýjileriň arasynda uly üstünlik gazandy.

Näme üçin oňa dünýä premýerasy diýildi? Sebäbi, fransuz kompozitory Pýer Tilluanyň täze eserini Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetirdi, Germaniýadan Neýma Fişer soprano wokalizde ýekelikde aýdym aýtdy. Şol agşam teatra gelen tomaşaçylar «Asman hem deňiz pyşyrdysy» eseriniň ilkinji diňleýjileridi. Orkestriň sazandalarynyňkam çüwdi, çünki olar eseri ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.

Üç ýurduň konserte gatnaşmagy onuň maksatnamasyna-da täsirini ýetirdi, onda bu eseriň premýerasyndan başga-da, Nury Halmämmedowyň, Lýudwig wan Bethoweniň we Kamil Sen-Sansyň, ýagny türkmen, german we fransuz kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.

«Asman hem deňiz pyşyrdysy» konserti geçen ýylyň tomsunda Pýer Tilluanyň Türkmenistana syýahatyndan galan täsirler esasynda döreýär. Ol bu eserini rowaýata görä, asman bilen Zemin aralygynda misli pyşyrdy kimin atylyp geçýän ajaýyp ahalteke bedewlerine bagyşlapdyr. Pýer Tillua Nury Halmämmedowa sarpa goýup, türkmen kompozitorynyň «Hüwdüsiniň» aranžirowkasyny, şeýle hem türkmen lälesini gaýtadan işläp öz eserine goşupdyr. At toýnagynyň sesi, ene mähri, türkmen sährasynyň rahatlygy Neýma Fişeriň dury wokalizi bilen birlikde ýaňlandy.

Kompozitor Pýer Tillua, dirižýor Resul Gylyjow we aýdymçy Neýma Fişer şowhunly el çarpýan tomaşaçylara baş egdiler. Diňleýjiler gül desseleridir dowamly el çarpmalary bilen fransuz kompozitorynyň eserine hormatyny beýan etdiler. Galyberse-de, germaniýaly aýdymçynyň owazy tomaşaçylara şeýle bir ýarady welin, Neýma Fişer ýene iki eseri – Žak Offenbahyň «Gofmanyň ertekileri» eserinden bir bölegi we Nury Halmämmedowyň «Durnalar» eserini gaýtadan ýerine ýetirdi.

Premýeranyň yzysüre Pýer Tilluany habarçylar gurşap aldy, soňra kiçeňräk metbugat maslahaty boldy. Žurnalistler fransuz kompozitoryny uly üstünligi bilen gutlap, tomusda onuň eserini noýabrda tamamlajakdygyna beren sözünde tapylandygyny ýatlatdylar. Onuň pikirne görä, ol üç muşketýorlar bilen Gorkut ata eposynyň aralygyndaky ortaça bir zat bolmalydy. Şonuň üçinem olar gyzykly saz eserine garaşýardylar, ýöne eser liriki äheňli boldy.

– Muşketýorlaram, türkmen eposlarynyň gahrymanlaram durmuşyny bedew atsyz göz öňüne-de getirip bilmeýärler. Dýuma ahalteke bedewlerini gören bolsady, onda muşketýorlaryny olara atlandyrardy. Şonuň üçinem men eserimi ahalteke bedewlerine bagyşladym, olaryň owadanlygyna bolan yşkymy liriki äheňde beýan etmeli boldum – diýip düşündirdi.

Bu taslamanyň fransuz-german medeni gaznasynyň tagallasy bilen amala aşyrylandygyny hem bellemek gerek.