Ï Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirilýär

view-icon 6735
Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirilýär

Şu gün Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady.

Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, giň dünýägaraýyşly, öz halkynyň däp-dessurlaryna, milli mirasyna belent sarpa goýýan, bilimli, zehinli ýaş nesli terbiýelemek babatda köpugurly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Giň möçberli çäre Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň we HHR-iň halklarynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak maksady bilen geçirilip, onuň guramaçylygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudak edaralary, Mary welaýat häkimligi tarapyndan ýola goýuldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen, üç günläp dowam edýän foruma ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, talyplar, meýletinçiler, işjeň agzalar, Hytaý Halk Respublikasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet, sungat ulgamlarynyň, parlament düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň köp sanly wekiliýet agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. «Bu forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy, bähbitleri göz öňünde tutup, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi we forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ugurlardaky hyzmatdaşlykda gazanylan oňyn tejribeler baglanyşdyrýar. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky dialog her bir ýurduň milli bähbitlerini hasaba almak bilen guralýan, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli gurallaryň biri hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Ilkinji nobatda, öz halklarynyň bähbitlerine eýerýän Merkezi Aziýa sebitinde geografik taýdan amatly ýerleşen döwletleriň Baştutanlary umumy maksatlara we wezipelere — durnukly durmuş-ykdysady ösüşe we abadançylyga ýetmek, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagallalary işjeň birleşdirýärler.

«Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine üýtgewsiz eýerip, Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, gadymdan gelýän ynanyşmak däplerini gorap saklamagy, irki döwürden bäri medeniýetiniň, taryhynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasynda özara hormat goýmagy goldamagyň möhümdigini hemişe nygtap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki forumyň Mary şäherinde geçirilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Irki döwürde “Merkezi Aziýanyň derwezesi” adyny alan bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady bolan Hytaýyň gadymy paýtagty Sianyň doganlaşan şäheridir.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Ýewropa uzan bu taryhy ýol möhüm ähmiýete eýe bolan köp sanly medeni we söwda merkezleriniň emele gelmegine hyzmat edip, dünýä medeniýetiniň ösmegine, rowaçlanmagyna şert döredipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň galkynmagynyň we bu işe jemgyýetiň hereketlendiriji güýji, Ýer ýüzünde bagtyýar geljegi gurmakda ähmiýetli orny bolan ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynyň şu gezekki forumyň gün tertibiniň esasy mazmuny hökmünde kesgitlenilmegi tötänden däldir. Hut döwrebap dünýägaraýşa eýe bolan ýaşlar häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmeginde çuň many-mazmun bilen üsti ýetirilýän köptaraply gatnaşyklary gurmaga, düýbünden täzeçil, kabul ederlikli çemeleşmeleri öňe sürmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga ukyplydyrlar.

Ýurdumyzda üstümizdäki ýylyň çuň many-mazmuna eýe bolan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçmegi öňlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik özgertmelerini dowam etdirmek wezipesi duran ýaş nesle bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşanydyr. Bu gün ýaş türkmenistanlylar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanyp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine goşantlaryny goşýarlar.

Ýaş nesliň durmuş we zähmet işjeňligini ýokarlandyrmak, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek, häzirki zaman önümçilikleriniň döredilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şeýlelikde, döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmekleri, olaryň aň, döredijilik we ruhy kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaklary üçin ähli şertleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, binýatlaýyn resminama — «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Onda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan özgertmeler syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşany boldy. Şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär. Şu günki forumyň geçirilmegi hem bu Strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Bilim, ylym, innowasiýa, medeniýet we sungat ýaly ugurlarda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek gün tertibine girizilen esasy meseleleriň hataryndadyr. Bellenilişi ýaly, görnükli alymlary, oýlap tapyjylary, akyldarlary dünýä beren Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary baý medeniýetiň, ylmy däpleriň mirasdüşerleridir hem-de goraýjylarydyr. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan özara gyzyklanmalary giňeltmegiň, toplumlaýyn esasda giň ugurda medeni-ylmy alyşmalary işjeň ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar ýurtlaryň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmagyň, gadymdan gelýän goňşuçylyk, özara hormat goýmak däplerini aýawly saklamagyň möhümdigini biragyzdan bellediler.

Nygtalyşy ýaly, şeýle çäreler ýaşlaryň durmuş işjeňliginiň, halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ýaş raýatlaryň watansöýüjilik däpleri esasynda terbiýelenilmegine, ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär. Şu gezekki ýaşlar forumynyň netijeli halkara dialogy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirip, duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara, şol sanda ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen köptaraply tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, Mary welaýat kitaphanasynda aýratyn mazmunly mejlisler, kiçi düzümdäki duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi.

Forum öz işini dowam edýär. Onuň çäklerinde möhüm çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden, bu guramanyň döredilen güni mynasybetli zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlary Türkmenistanyň ýaşlar baýragy bilen sylaglamak dabarasy, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ýaşlar festiwaly geçiriler.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda häzirki güne çenli saklanyp galan gadymy şäher oazisleriniň biri bolan «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç guralar.