Ï BAE-niň energetika we infrastruktura ministri bilen duşuşyk barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BAE-niň energetika we infrastruktura ministri bilen duşuşyk barada

view-icon 3986
BAE-niň energetika we infrastruktura ministri bilen duşuşyk barada

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazrui bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

R.Meredow iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak dialogyna esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary, şol sanda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ministrler nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky, elektroenergetikada, ulag-aragatnaşyk we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.