Ï Türkmenistanyň DIM-nde hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi geçirildi

view-icon 4955
Türkmenistanyň DIM-nde hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň täze geljekki ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.

Türkmen we eýran toparlarynyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynam we bähbit ýörelgelerinde guralýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmaga gyzyklanmalaryny görkezýärler.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady ösüş döwlet maksatnamalarynyň, dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlarynyň we üstünlikleriniň many-mazmunyny beýan etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparyna üns çekildi, onuň çäklerinde açyk görnüşde netijeli gepleşikler geçirildi, dürli ugurlar boýunça pikir alşyldy, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýeti nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 30-njy maýynda Eýrana amala aşyran iki günlük iş sapary bu ugurda möhüm ädim boldy.

Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň meňzeşdigini nygtap, diňe bir özara bähbitlere däl-de, tutuş sebitiň abadançylyk we rowaçlyk maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny görkezýärler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, milli ykdysadyýetiň çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň ugur edinilmegi, bilelikdäki işiň netijesinde toplanylan tejribäniň doly herekete geçirilmegi, örän baý tebigy serişdeler we bar bolan ägirt uly ykdysady we eksport kuwwatlyklary bilen bilelikde iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn dialogyň ösdürilmegine berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Bilelikdäki toparyň çäklerinde guralýan duşuşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem Eýranyň sebitde Türkmenistanyň iri hyzmatdaşlarynyň biri bolup galýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, resminamalaryň iri toplumyndan ybarat bolan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini kadalaşdyrýan şertnamalaýyn – hukuk binýadyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň ykdysady döwletara hyzmatdaşlygynyň okgunly depginine laýyk gelýändigi bellenildi.

Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we düzümler, gümrük hem-de serhet kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ulgamynda dialogy dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Bar bolan kuwwatlyklary durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ýakyn wagtlarda türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze many-mazmun bermäge, özara haryt dolanyşygyny düýpli artdyrmaga, onuň düzümini we gerimini diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem ulag boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlarynyň birine öwrülendigi nygtaldy. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň hem-de Hazar deňzindäki Eýranyň portlarynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagy bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Iki ýurtlaryň sebitleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylygy ösdürmek, daşky gurşawy goramak ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýygjam medeni alyşmalar ýola goýuldy, olaryň çäklerinde ylmy maslahatlar, döredijilik saparlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, Medeniýet günleri hem-de iki halkyň taryhy-medeni we ruhy-ahlak ýörelgeleriniň umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň kuwwatly guraly bolup çykyş edýän beýleki bilelikdäki çäreler guralýar.

Mejlisiň dowamynda dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň iki tarap üçin hem uly ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda özara hereketleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin täze meýilnamalar kesgitlendi.

Biziň ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemekleri üçin döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy barada aýdylyp, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky tekliplere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, eýran tarapyndan toparyň agzalary öz ýurdunyň işewürler bileleşikleriniň giň gerimli taslamalary amala aşyrmak üçin geljegi uly türkmen bazarynda alyp barýan işlerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Bularyň ählisi uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga, özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze görnüşlerine çykmak bilen, eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrýan giň möçberli taslamalaryna gatnaşmaga durnukly gyzyklanmanyň subutnamasydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn çäreleriň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli ýagdaýda guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň hem-de doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine oňyn dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.