Ï Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri başlady

view-icon 5464
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri başlady
camera-icon
Hasan Magadow

Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze möhüm goşant bolar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özgertmeler syýasatyny amala aşyrmak bilen medeniýet diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanýar, bu bolsa özüniň oňyn netijelerini berýär hem-de sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýär. Ynsanperwer ulgamyndaky türkmen-türk gatnaşyklary munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan we Türkiýe ençeme gezek özara Medeniýet günlerini geçirdiler. Türk alymlary, sungat ussatlary, döredijilik işgärleri ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryna gatnaşýarlar.

Türkmen-türk gatnaşyklary köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy iki doganlyk halkyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän möhüm şert bolup durýar.

Ine, bu gün hem iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri türkmen topragynda duşuşýarlar. Şu gezekki çäräni ýokary derejede geçirmek üçin konsert zallary, teatr sahnalary, sergi meýdançalary oňa gatnaşyjylaryň ygtyýaryna berildi.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Bu ýere iki ýurduň medeniýet ulgamynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Ýygnananlar döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilik üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de şu gezekki çäräniň türkmen we türk halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Muzeýde kagyzy mermerlemegiň – ebru usulynda işleýän ussatlaryň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Mermerlemek – kagyzy mermer görnüşde bezemegiň bir usuly bolup, onda ýörite garyndynyň ýüzünde ýüzýän boýag kagyza geçirilýär.

Mermerlemek sungaty ýa-da ebru eýýäm VIII asyrda mälim bolupdyr we Ýaponiýada, Hytaýda, Eýranda, soňra bolsa Türkiýede giňden ulanylypdyr. Köp ýyllaryň dowamynda bu sungat halypadan şägirde geçirilip, gizlin saklanypdyr. ХIХ asyrda bu sungat dünýäde giňden ýaýrapdyr. Köp çaphanaçylar ony kitaplary bezemek üçin ulanypdyrlar.

Häzirki wagtda sungatyň bu täsin görnüşi barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

Şeýle hem bu ýerde milli türk tagamlarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Türk aşhanasy ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, gözbaşyny çarwa türk taýpalarynyň däplerinden alyp gaýdýar we esasan, gök we hamyr önümlerinden, çorbalardan, etli tagamlardan ybaratdyr. Soňra pekmez ýaly örän ýokumly milli toşaplar, baklawa, tulumba, pişmaniýe, lukum, halwa ýaly süýjülikler we köpsanly beýleki tagamlar peýda bolýar.

Agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk sazlary we tanslary, dünýäniň, türkmen we türk nusgawy sazlarynyň eserleri girizildi.

Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda halk we estrada aýdymlary belentden ýaňlandy.

Tomaşaçylar Stambul Döwlet döwrebap folklor saz topary we Enwer Meralli, Fulýa Arat, Seher Çelik, Hamdiýe Efeoglu ýaly meşhur ýerine ýetirijileri uly şowhun bilen garşy aldylar.

Ankaranyň Döwlet häzirki zaman tans ansamblynyň ýerine ýetiren tans kompozisiýalary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.

Medeniýet günleriniň maksatnamasy dürli öwüşginli bolup, türk medeniýetiniň we sungatynyň ýeten sepgitlerine we ösüş meýillerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ertir Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi üç gün dowam eder. Sergide Türkiýe Respublikasynyň suratkeşleriniň we halk senetçiligi ussatlarynyň eserleri ýaýbaňlandyrylar. Türkiýäniň amaly-haşam sungaty gadymdan bäri özüniň köpdürlüligi , bezeg işleri, halyçylyk sungaty, küýzegärligi, deri we metal önümleri, öý hojalyk esbaplary, ýaraglary bilen meşhur bolupdyr. Galaýydan, süňkden, agaçdan, aýnadan, palçykdan ýasalan dürli önümler, örän inçelik bilen bezelen gutujyklar, el işleri amaly-haşam sungatynyň köpsanly muşdaklarynyň ünsüni çekdi. Şeýle sergiler tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýär we medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam berýär.

Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde çagalar üçin ýörite maksatnama taýýarlanyldy. 500 ýyllyk taryhy bolan «Garagöz» türk teatry «Garagöz – Hajywat» atly kölege oýnuny görkezer.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda türk matalary hem görkeziler.

Şeýle hem Türkiýäniň milli we häzirki zaman lybaslarynyň tanyşdyrylyşy bolar. Onda häzirki zaman modelýerleriň milli äheňde taýýarlan lybaslarynyň nusgalary görkeziler. Mälim bolşy ýaly, geljekki moda geçmişden gözbaş alýar. Häzirki günde dizaýnerler milli lybaslardan döredijilik ylhamyny alýarlar.

Olar milli däpleriň taryhy we medeni tejribesini ulanyp, milli lybaslaryň özboluşlylygyny we gaýtalanmajak gözelligini döredýärler we milli äheňde ýokary çeperçilikli döwrebap nusgalary işläp taýýarlaýarlar.

«Aşgabat» kinoteatrynda türk režissýorlarynyň filmleri görkeziler. Olaryň hatarynda «Ýyldyz Tozu» çeper filmi we «Göbeklitepe» atly multfilm bar.

Türk myhmanlary üçin Aşgabadyň gözel künjeklerine, muzeýlerine gezelençleri göz öňünde tutýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Umuman, ildeşlerimizi dostlukly ýurduň baý sungaty bilen tanyşdyrýan Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çäreler halklarymyzyň ýakyndygyny, olaryň taryhy we ruhy özara baglanyşygynyň berkdigini ýene-de bir gezek subut etdi.