Ï Türkmenistanda halkara bilermenler we milli hyzmatdaşlar FAO taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda halkara bilermenler we milli hyzmatdaşlar FAO taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşarlar

view-icon 3857
Türkmenistanda halkara bilermenler we milli hyzmatdaşlar FAO taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşarlar

FAO-nyň bilermenler topary «Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen, ownuk mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäginde Türkmenistana geldi.

Toparyň maksady taslama gatnaşýan edaralaryň wekilleri bilen duşuşyklary guramak we Daşoguz welaýatynyň tokaý hojalyklarynyň önümçilik meýdanlarynda, şeýle hem bu taslama üçin mundan beýläkki çäreleri meýilleşdirmek. FAO hünärmenleriniň wekiliýetine maldarçylyk we ownuk mallary iýmitlendirmek, öri meýdanlaryndaky ösümlikleri we biodürlüligi hem-de landşafty toplumlaýyn dolandyrmak, öri meýdan meýilnamalaryny işläp düzmek we maglumatlar bilen işlemek boýunça hünärmenler girýär.

Hünärmenler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň wekilleri bilen dowam edýän we meýilleşdirilýän FAO taslamalary barada maglumat alyşmak üçin maslahatlary geçirerler. Saparyň çäginde FAO toparynyň agzalary Daşoguz welaýatyna baryp görerler, bu ýerde maldarçylygy we öri meýdanlaryny dolandyrmak üçin jogapkär ýerli häkimiýetleriň wekilleri bilen duşuşyklar we maslahatlar geçiriler. 

Şeýle hem ýerli uzak öri meýdanlarynyň ýagdaýlary bilen tanyşmak üçin öri meýdanlaryna baryp görmek meýilleşdirilýär. Maslahatlardan we meýdan işlerine baha berlenden soň, halkara bilermenler we milli hyzmatdaşlar taslamany durmuşa geçirmek üçin geljekki wezipeleri kesgitlärler. Hususan-da, tygşytly iýmit önümçiligi we haýwanlary iýmitlendirmegiň häzirki zaman ulgamlarynda iýmitlendiriş tejribesini gowulandyrmak, öri meýdanlaryny we tebigy baýlyklary dolandyrmagy gowulandyrmak we netijede parnik gazlarynyň çykarylyşyny azaltmak arkaly taslamanyň garaşylýan netijelerine ýetmegi maksat edinýärler.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň kiçi sebitleýin sapary wagtynda Türkmenistan hökümeti bilen FAO-nyň arasynda «Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen ownuk mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» sebitleýin taslamany durmuşa geçirmek barada Merkezi Aziýanyň utgaşdyryjysy Wiorel Gusu 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherine sapary wagtynda şertnama gol çekildi.

Taslama Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan ýaly her bir gatnaşyjy ýurtda we umuman, Merkezi Aziýa sebitinde kiçi göwrümli önümçilik ulgamynyň seljermesini we işini gowulandyrmagy maksat edinýär.