Ï Sungat eserleriniň ajap röwüşleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sungat eserleriniň ajap röwüşleri

view-icon 4850
Sungat eserleriniň ajap röwüşleri
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Geçen asyryň başynda döredilen şekillendiriş sungat eserleri şu günlere çenli ajaýyplygyny ýitirmän gelýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan sergide muzeýiň gorlaryndan geçen asyrda döredilen suratlar ilkinji gezek görkezilýär. Sergi Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň «Magtymgulynyň portreti» we «Döwletmämmet Azadynyň portreti» atly kanoniki eserleri bilen başlanýar.

Bezegçi nakgaş Konstantin Mişin XX asyryň başynda Zakaspiý muzeýinde işlän döwri türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspyny suratlarda beýan etdi. Häzirki wagtda käbir eserleriň döredilenine 120 ýyl geçendigine garamazdan, olaryň reňk öwüşginleri haýran edýär. Nakgaşyň eserlerinde Watanymyzyň tebigatyny, dogduk topragyň ýürege mylaýym künjeklerini, dag depelerini we gözel düzleri wasp edýär.

Şeýle hem sergide 1930-njy ýyllarda ýurdumyza gelen nakgaşlar N.B.Terpsihorowyň (1890–1960 ýý), K.A.Wýalowyň (1900–1976 ýý) eserleri görkezilýär, olaryň suratlarynda zähmet adamsynyň durmuşy suratlandyrylýar. Iwan Iwanowiç Çerinko (1908–1948 ýý) şekillendiriş sungatynyň ösüşine saldamly goşant goşdy. Onuň «Pagtaçylar» atly suratynda uç-gyraksyz pagta meýdanynda zähmetkeş türkmen zenanyň ajaýyp keşbi şekillendirilýär.

Medeniýetiň altyn hazynasyna goşulan ХХ asyryň türkmen şekillendiriş sungatynyň eserlerine syn edip, şol döwürde özboluşly we örän zehinli ussatlaryň peýda bolandygyna göz ýetirýärsiň. Olaryň arasynda Sergeý Beglýarowy (1898–1949 ýý), Yzzat Gylyjowy (1923–2006 ýý), Ýakup Annanurowy (1916–2002 ýý), Gulnazar Begmyradowy (1934–2016 ýý) görkezmek bolar. Olaryň eserleri serginiň täsirini artdyrýar. Eserleriň hemmesinde diýen ýaly türkmen şekillendiriş sungatyna mahsus reňkleriň ýiti öwüşginleri ulanylypdyr.

Nakgaş Aman Amangeldiýewiň (1930–2019 ýý) «Soltan Sanjaryň Merwe ýörişi» atly suraty türkmen halkynyň taryhynyň şöhratly sahypasyny görkezýär. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gorlaryndaky daşary ýurtly nakgaşlaryň eserleri, şol sanda Frans Robonyň, A.Sorokinimiň, I.P.Rubinskiniň eserleri görkezilýär. Bu ýerde heýkeltaraşlar A.Şetininiň (1926–2001 ýý), J.Jumadurdynyň (1937–1999 ýý), M.Nurymowyň (1941–1990 ýý), W.Jumaýewiň (1953 ý) eserleri hem goýlupdyr. Sergide jemi 70 töweregi surat we 10 heýkeltaraşlyk eserleri bar.

Sergi şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli dowam edýär.