Ï Aşgabatda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi

view-icon 4315
Aşgabatda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň çarçuwasynda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň şu ýylyň 10-njy dekabrynda bellenjek 75 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin adam hukuklary, aýry tutmazlyk, gorag, hasabata degişlilik we BMG-niň adam hukuklary boýunça beýleki halkara ülňülerine degişli meseleler boýunça maslahat geçirildi.

Bu maslahata Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, şol sanda IIM-niň akademiýasynyň, Goranmak ministrliginiň harby institutynyň, Serhet institutynyň we Milli howpsuzlyk institutynyň wekilleri gatnaşdy. Olar AHÝKM-iň okuw gollanmasynyň hukuk goraýjy edaralaryň bilim edaralarynyň bar bolan milli okuw meýilnamalary we maksatnamalary bilen birleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň AHÝKM-iň hukuk meseleleri boýunça geňeşçisi Ýan Arno Hessbrýugge, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy hem-de Wena jarnamasynyň we Hereketler maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp okuw sapagyny geçirildi.

Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan çäreler AHÝKM-iň Merkezi Aziýadaky edarasy tarapyndan guraldy. Ondan öň Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýadaky edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda geçen duşuşykda BMG-niň AHÝKM-iň adam hukuklary baradaky milli maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň, hususan-da, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşandygy bellendi.