Ï «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň tarapyndan ýüze çykarylan tapyndylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň tarapyndan ýüze çykarylan tapyndylar

view-icon 7754
«Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň tarapyndan ýüze çykarylan tapyndylar
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary jemi 29 keramiki böleklerini tapdylar.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri dessine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurulýan ýerine geldiler. Hünärmenler tarapyndan taryhy gymmatlyklaryň öwrenilip, rejelenilip we abatlaýyş işleri geçirildi. Käbir arheologiki tapyndylar, takmynan VI-VIII asyrlarda ýasalypdyr, beýleki gaplar we käseler has soňraky döwürlere – takmynan XVI-XVIII asyrlara degişlidigi mälim edildi.

Tapylan gymmatlyklar Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy, olar indi muzeýiň gorunyň üstüni ýetirerler. Dabara «Nur bina gurluşyk» HK-nyň işgärleri we ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri we paýtagtymyzyň muzeýleriniň işgärleri çagyryldy.

«Nur bina gurluşyk» HK-nyň Telekeçilik ýokary okuw jaýynyň gurluşyk meýdançasynyň müdiri Andreý Kasýanowyň aýdyşy ýaly: «Ýurdumyzyň geçmişi bilen häzirki gününiň baglanyşygyna goşant goşandygymyza begenýäris. Käbir tapyndylaryň 15 asyrlap ýere garylyp ýatanlygy haýran edýär. Bu arheologiki gymmatlyklarda halkymyzyň taryhy saklanyp galypdyr, ol gadymyýetiň käbir wakalaryny açyp biler. Kärhanamyzyň işgärleri asyrlaryň jümmüşinden tapyndylary ýüze çykarandygy üçin watanperwerlik buýsanjyny duýýarlar».