Ï Türkmenistanyň Adalatçysy ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissarynyň «tegelek stoluna» gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Adalatçysy ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissarynyň «tegelek stoluna» gatnaşdy

view-icon 2497
Türkmenistanyň Adalatçysy ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissarynyň «tegelek stoluna» gatnaşdy

Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili –Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň milli azlyklar boýunça Ýokary komissarlygynyň Gaagada geçen üçünji bölümara «tegelek stoluna» gatnaşdy.

Bu çärä milli hukuk goraýjy guramalaryň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň milli azlyklarynyň meseleleri bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem milli azlyklaryň hukuklary boýunça halkara hünärmenler gatnaşdy.

«Tegelek stoluň» dowamynda maglumat ýygnamak, olary derňemek we işlemek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem mejlisleriň barşynda milli azlyklar bilen baglanyşykly syýasaty işläp düzmekde ulanylýan maglumatlaryň howpsuzlyk, elýeterlilik we ygtybarlylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşanlar geçirilen çekişmeleriň hyzmatdaşlygy we tejribe alyş-çalşygyny ösdürmekdäki möhüm ornuny bellemek bilen dürli jemgyýetleri birleşdirmek ugrundaky tagallalarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistan şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda 30 ýyllygyny bellän ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissarynyň edarasy bilen ýakyndan işleşýär. Geljek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary iýun aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen ÝHHG-niň iş sapary bilen Aşgabada gelen Milli azlyklar boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdyrahmanowyň arasynda bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar, hususan-da, 2023 – 2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda dil we medeni dürlülik baradaky Hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barmak, şeýle hem Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň çäginde işjeň ýagdaýda işleşmek barada ylalaşdylar.

Iş saparynyň barşynda ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissary «Milli azlyklaryň maslahat beriş mehanizmlerine netijeli gatnaşmagy ugrunda öňdebaryjy tejribe» atly «tegelek stola» gatnaşdy.