Ï Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar konferensiýasynda wekilçilik etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar konferensiýasynda wekilçilik etdi

view-icon 7037

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde (COY18) geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna Türkmenistandan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdy.

Bu çäre esasy konferensiýanyň – BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (COP28) ýyllyk konferensiýasy, 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçiriljek konferensiýanyň öňüsyrasynda guraldy.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (YOUNGO) ýaşlar guramalarynyň resmi korpusynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Dünýäniň dürli künjeklerinden bolan müňden hem gowrak ýaşlar halkara klimat syýasaty barada pikir alyşmak üçin ýygnandy. Şu ýyl konferensiýa üç esasy ugra gönükdirildi: syýasat resminamalary, mümkinçiligi ýokarlandyrmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maslahatlar.

COY18-iň çäginde interaktiw çäreler, maslahatlar we çekişmeler geçirildi. BMG-niň Baş sekretary Antоnio Guterreş konferensiýa iberen ýüzlenmesinde howa ugrunda alnyp barylýan işlerde ýaşlaryň öňdäki hatarda durýandygyny aýtdy.

Köpçülikleýin klimat syýasaty babatynda ýaşlaryň tekliplerini jemleýän bütindünýä beýannama kabul edildi.