Amyderýanyň kenarynda bitýän buýanyň köki türkmen topragynda önýän milli baýlyklarymyzyň biridir. Mälim bolşy ýaly, buýan köki gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şeýle hem konditer we kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar.
Buýan köküni ýygnamak, täzeden işlemek we ýurdumyzyň içki bazarlaryna, şeýle hem daşary döwletlere eksport etmek işleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Buýan» obasenagat toplumy tarapyndan alnyp barylýar. Kärhana boýunça her ýyl 19 müň tonna töweregi çig görnüşindäki buýan köki taýýarlanylýar. Soňra önüm kärhanada täzeden işlenilip, buýan köküniň arassalanan önümi – buýan köküniň ekstrakty taýýarlanylýar.
Kärhanada öndürilýän önümler dünýä bazarynda uly islege eýe bolup, ol Hytaý, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Serbiýa ýaly döwletlere eksport edilýär. Şonuň bilen birlikde, buýan kökünden alynýan önümleriň täze, möhüm we has uly islegden peýdalanýan görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça hem anyk işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynda buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusyny öndürýän zawodyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Täze döwrebap zawody gurmak we daş-töweregini abadanlaşdyrmak işleri «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň gurluşykçylaryna ynanyldy.
Zawodyň gurluşygyna 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda girişildi we häzirki wagtda ol tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhananyň düzümine önümçilik bölüminden we edara jaýyndan başga-da, çig malyň saklanylmagy, hünärmenleriň işlemekleri we dynç almaklary üçin zerur binalar, ýagny çig maly saklamak üçin açyk bassyrma, naharhana, sport meýdançasy, awtoulaglary goýmak üçin duralga, içimlik, tehniki we ýangyna garşy göreş üçin ýapyk suw howdanlary we beýlekiler girýär.
Kärhananyň gurluşygynda innowasion materiallaryň giňden ulanylýandygyny hem bellemek bolar. Mysal üçin, binalaryň belli bir bölegini kompozit materiallar tutýar. Olar agramynyň ýeňilligi, şol bir wagtyň özünde hem berkligi bilen tapawutlanýarlar. Şeýle hem gurluşykda adaty betonyň deregine fibrobeton peýdalanylýar. Onda betonyň berkligini üpjün etmek üçin demir armaturalaryň deregine fibro süýümler ulanylýar. Olar betona berklik berýänligi we öňden bu ugurda ulanylyp gelinýän demir materialyndan has ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa gurluşyk işlerinde möhüm ähmiýete eýedir.
Kärhanada buýan köküni täzeden işläp, glisirrizin turşusyny almaklyga niýetlenen enjamlar Italiýanyň «Adipson» kompaniýasyna degişlidir. Kompaniýanyň Lebap welaýatyndaky wekili Kerim Akmyradowyň aýtmagyna görä, olary Italiýadan başga-da, Serbiýadan we Müsürden gelen hünärmenler gurnaýarlar. Şu wagt enjamlary gurnamak, işledip görmek we sazlamak işleri dowam edýär.
Daşary ýurtly hünärmenlerden başga-da, bu ýerde «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynyň wekilleri hem zähmet çekýärler. Olar kärhanany elektrik energiýasy bilen üpjün etmek işlerini alyp barýarlar. Bu döwrebap kärhanada zähmet çekjek hem-de çylşyrymly tehnologiýalara erk etjek hünärmenleri Italiýada we Serbiýada taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň düzümine girýän bu kärhana işe girizilenden soňra, ýylda gymmatly önüm bolan glisirrizin turşusynyň 390 tonnasyny öndürmäge ukyply bolar.