Ï Magtymguly Pyragy – şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisiniň baş gahrymany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragy – şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisiniň baş gahrymany

view-icon 16080
Magtymguly Pyragy – şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisiniň baş gahrymany

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda talyplaryň we mugallymlaryň işleriniň 2023-nji ýyl üçin hasabat sergi-bäsleşigi geçirildi. Serginiň açylyşy Gündogaryň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabat geldi. Şonuň üçin-de, 400-den gowrak işi özünde jemlän, sözüň asyl manysynda, ägirt uly sergä gatnaşan awtorlaryň aglabasy üçin baş gahryman Magtymguly Pyragy boldy.

Ýeňijileri saýlamakda tarapgöýlük bolmaz ýaly, işleriň awtorlarynyň atlarynyň ýerine sanlar ýazylypdyr. Ýeňijileriň atlary Bitaraplyk baýramynda yglan ediler.

Saragt Babaýewiň döreden, Aşgabadyň günorta böleginde Köpetdagyň eteginde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi dürli görnüşde we manzarada gözüň gider derejede ýygylykda peýda bolýar. Öň hatarda dirižýor Resul Gylyjow we aýdymçy Atageldi Garýagdyýew bilen döwlet hory, simfonik orkestr yzky orunda bolsa Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýerleşen gyzykly bir surat bar.

Türkmen şahyrynyň Hindistandaky Beýik Ýüpek ýoly bazaryna eden sapary stanokda çekilen suratda görkezilýär. Şahyr daşary ýurt harytlaryny gyzyklanma bilen gözden geçirýär. Biraz yzrakda Delä açylýan Lahor derwezesi görünýär. Talyplar şahyryň terjimehalyndan hakykatlary ulanmak bilen, ygtybarly eserleri döredýärler.

«Turgul!» diýdiler» goşgusynyň beýany bolan surata QR kody ýelmenipdir, şonuň üsti bilen internetden bu eser barada giňişleýin maglumat almak bolýar.

Diwarlyklaryň biri ýadygärligiň gurluşygy baradaky işlere resminamalar arkaly şaýatlyk edýär. Galereýa gelýänleriň köpüsi äpet dag daşlaryndan şahyryň beýikligi 60 metr bolan heýkeliniň ýasalyşyny gyzyklanma bilen synlaýarlar.

Şahyryň şowly çykan portreti ýokary dykyzlykly halyda şekillendirilipdir. Arka tarapda ulaldylan döwet galamyň stilleşdirilen görnüşi, öň tarapda bolsa Magtymguly Pyragynyň portreti bar. Bu eseriň awtory gülgüneräk öwüşginli reňkleri saýlap alypdyr. Haly aýratyn sünnälenip dokalanlygy bilen tapawutlanýar.

Dizaýn işleriniň arasynda içinde Magtymguly Pyragynyň portreti bolan gara ýüplüklerden örülen halka aýratyn ünsi özüne çekýär. Şahyryň ýüzüne nikap bolan kesişýän sapaklardan emele gelen ýukajyk tor sergä gelýänleri özboluşlylygy we del usulda ýerine ýetirilmegi bilen özüne çekýär. Bu usula «Striň art» diýilýär.

Sergide görkezilen zergär işleriniň arasynda monjuklardan we gulakhalkalardan ybarat şaý-sep toplumy owadanlygy we inçeligi bilen tapawutlanýar. Düzümiň ortasynda çylşyrymly bezeg şaý-sepleriň arasynda owadan gyz şekili bar. Bu – Meňli. Awtory bu bezegleri döretmäge Magtymguly Pyragynyň onuň ýanynda goýlan altyn tagtada ýazylan şygyr setirleri ruhlandyrypdyr.

Binagärlik we dizaýn fakultetiniň talyplary çigildem görnüşinde ýasalan Botanika muzeýiniň modelini, ýüz tarapy milli nagyşlar bilen bezelen söwda we güýmenje merkezini we jahankeşdeler üçin kafe, restoran, edara jaýlary we gözegçilik meýdançasy bolan hrustal waza görnüşindäki Bagt diňini görkezdiler.

Serginiň merkezinde dizaýner zenan lybaslarynyň toplumy ýerleşýär. Eksponatlaryň arasynda miladydan öňki 2-3-nji müňýyllygyň gadymy Goňurdepe şäherine degişli mozaýka bölekleri bolan mahmal «Marguş» atynjasy bar. Ýokary moda lybaslar hünji düzümi we ownuk zergär sepleri bilen bezelipdir. Toplumyň gyralary türkmen öýüniň bölekleri bilen çarçuwalanypdyr we awtor tomaşaçylara şeýle ajaýyp zatlary döretmegiň sebäpleriniň nireden gelýändigini ýatladýar. Awtor bu lybaslaryň hemmesini Magtymgulynyň döreden zenan keşpleri üçin niýetläpdir.

Magtymgulynyň köp sanly ýarym heýkeli, şeýle hem gipsden ýasalan kompozisiýalary, häzirki zaman stilinde bezelen keramiki bezeg wazalary serginiň ähli ýerinde gabat gelýär.

Elektron täzelik: bir ekranda – Magtymguly Pyragynyň portreti, beýlekisinde, kagyzyň ýüzünde gaýyp barýan döwet galam. Adaty bolmadyk serginiň awtorlary dizaýn bölüminiň talyplarydyr.

Talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan sergide, hatda iň talapkär tomaşaçyny geň galdyrjak zatlar-da bar.

Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.