Ï Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

view-icon 3896
Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy «Hindistan –Merkezi Aziýa» gaznasy bilen bilelikde Nýu-Delide «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy hem-de medeni dünýäsi» atly maslahat geçirdi.

Bu çärä Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Nýu-Delide ynanç bildirilen halkara guramalaryň edaralary we wekilhanalary, alymlar we ýokary okuw mekdep mugallymlary, metbugat wekilleri, şeýle hem bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş eden türkmen we hindi alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň filosofik çuňlugyna, ynsanperwer mazmunyna we çeper kämilligine, şahyryň baý mirasynyň parahatlyk düşünjelerini we adamzat gymmatlyklaryny wagyz etmekdäki, watançylyk hem ahlak terbiýesindäki ähmiýetine ýokary baha berdiler. Şol ýerde-de şahyryň hindi diline terjime edilen saýlanan eserleriniň täze ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Kitapda ençeme gezek Hindistanyň adynyň agzalýanlygy bilen gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşyga gatnaşanlar beýik şahyryň eserlerini ylmy taýdan öwrenmek boýunça türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegiň zerurlygy barada biragyzdan pikir aýtdylar.

Baýramçylyk çäresiniň çäginde Türkmenistanyň sazandalarynyň we tans toparlarynyň çykyşlary boldy. Halk amaly sungatynyň, kitaplaryň we suratlaryň giň sergisi myhmanlary häzirki Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, milli däp-dessurlary we üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.