Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri, ÝUNISEF-iň wekilleri we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň polisiýa bölüminde çagalar üçin dostlukly ikinji otagy açdy. Ejir çeken ýa-da jenaýata şaýat bolan çagalaryň goragyny güýçlendirmek üçin döredilen bu otag ýaşyny, kämillik derejesini we psihologik ýagdaýyny göz öňünde tutup, olary howpsuz hem hoşniýetli gurşaw bilen üpjün edýär.
«Türkmenistan adam hukuklary we çaga hukuklary boýunça esasy halkara şertnamalara gatnaşýan döwlet hökmünde kanun bilen galtaşygy bolan ähli çagalaryň hukuklarynyň üpjünliginiň güýçlendirilmegine we goralmagyna aýratyn üns berýär» diýip, Içeri işler ministrliginiň hukuk we halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Geldimyrat Haldurdyýew belledi. Şeýle hem ol: «Ýörite çäreleriň ulanylmagy kämillik ýaşyna ýetmedikleri gorag bilen üpjün edýär, edilen kömek bolsa olardan alnan görkezmeleriň hiliniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär, bu bolsa olaryň bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär» diýip aýtdy.
Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki tagallalary çagalary goramak boýunça ýörite çäreleriň çagalar üçin halkara adalat ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Çagalar üçin öňdebaryjy halkara tejribä esaslanýan dostlukly otagyň döredilmegi-de şunuň ýaly tagallalaryň anyk netijesidir.
Bu otagyň derňew geçirmek üçin döredilmegi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň goldawy netijesinde mümkin boldy.