Ï Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

view-icon 3849
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy, şol sanda golýazma, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýaty öwreniş we taryh ylymlary boýunça täze açyşlar hem-de barlaglaryň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrmagy dowam edýär.

Neşiriň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara hem-de türkmen halkyna iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň «Täze ylmy açyşlar» bölüminde Türkiýäniň Pamukkale uniwersitetiniň mugallymynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda ykbalyň türkmen halkyna gymmatly peşgeşi bagyş edendigi, ol peşgeşiň bolsa milletiň mizemez mirasyna ummasyz goşant goşan Magtymguly Pyragydygy bellenilýär. Makalada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniljek, ady dünýä dolan akyldar şahyra bagyşlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny peşgeş berendigi barada aýdylýar. Magtymguly ähli türki halklar üçin beýik taryhy şahsyýetdir. Şoňa görä-de, onuň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler guralýar. Şeýle hem okyjylaryň dykgatyna «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň edebi çeşmeleri» atly makala hödürlenilýär. Onda beýik akyldaryň eserleriniň türkmen edebiýatynyň üsti bilen döredijilik adamlarynyň arasyndaky ruhy arabaglanyşygy ýüze çykarmakda uly gollanma bolup hyzmat edýändigi nygtalýar. Magtymguly, ilkinji nobatda, kakasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginden, dürli döwürlerde we dürli ýerlerde ýaşan edebiýatyň wekilleriniň şygyrlaryndan ruhlanypdyr. Olaryň eserleri ussadyň edebi garaýyşlarynyň kemala gelmegine ägirt uly täsirini ýetiripdir.

Şol bölümde çap edilen «Günorta Türkmenistanda parlaryň irki döwleti» atly makala hem ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň ünsüni çeker. Onda türkmen we daşary ýurt alymlarynyň arheologik gözlegleriniň netijeleriniň antik döwrüň halkara syýasy durmuşynda we medeni ösüşinde möhüm orny eýelän Beýik Parfiýa döwletini döreden parlaryň (parfiýanlaryň) günorta Türkmenistanda ornaşmagynyň tapgyrlaryny seljermäge hem-de olaryň irki taryhynyň ençeme sahypalaryny dikeltmäge ýardam berýän täze çeşmeleri ýüze çykarandygy bellenilýär.

Şol bölümde «Horasan — Horezm kerwen ýoly» atly makala-da ýerleşdirilip, onda Beýik Ýüpek ýolunyň dürli ugurlar boýunça şahalary barada gürrüň berilýär. Şol döwürlerde Türkmenistanyň çäginden birnäçe kerwen ýollary geçipdir we olaryň ugrunda biri-birinden belli bir uzaklykda ençeme duralgalar (şäherler, kerwensaraýlar, guýular) ýerleşipdir. Köp sanly taryhçylar öz işlerinde şäherleriň we kerwensaraýlaryň söwda-senetçilik merkezleri bolandygyny, olaryň beýik gala diwarlary, diňler bilen berkidilendigini tassyklaýan tapyndylaryň we önümçilik galyndylarynyň ýüze çykarylandygyny belleýärler. Makalanyň awtory Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaýdan Horezmiň paýtagty Gürgenje barýan kerwen ýoly barada gürrüň berýär. Ol üç bölekden ybarat bolupdyr. Ýoluň günorta bölegi Nusaýdan günbatarlygyna uzap, Abhaderana çenli barypdyr. Ortaky bölegi demirgazyga sowlup, Abhaderandan Kurtuşata, üçünji bölegi bolsa Gürgenje çenli uzapdyr. Şeýlelikde, Nusaý — Gürgenç kerwen ýolunyň umumy uzynlygy orta asyr ölçegi boýunça 100 farsah (600 kilometr) bolup, bu aralygy düýeli geçmek üçin 14 gün gerek bolupdyr. Ýüze çykarylan taryhy tapyndylar Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoly ulgamynda uly orun tutandygyny, goňşy we alys ýurtlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygyny tassyklaýar.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölümi «Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde nakyllar» atly makala bilen açylýar. Onda 1008 — 1105-nji ýyllarda ýaşap geçen türkmen dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly türkmençe-arapça düşündirişli sözlüginiň ilkinji neşiri barada maglumatlar ýerleşdirilipdir. Sözlük Stambul şäherindäki Millet kitaphanasynda saklanýan ýeke-täk golýazmasy esasynda arap dilinden terjime edilipdir. 1074-nji ýylda ýazylan we türkmen diline, edebiýatyna, taryhyna, medeniýetine degişli gymmatly maglumatlary öz içine alýan bu kitap türkşynaslar üçin möhüm gollanmadyr.

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» bölümi bilen jemlenýär. Onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy-medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli oňyn syýasy ugry hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň aýdyň beýany bolan wakalar sene yzygiderliliginde şöhlelendirilýär.

Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaş eserleriniň we fotosuratlarynyň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelip, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.