Ï Aşgabatda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy açyldy

view-icon 6030
Aşgabatda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy açyldy

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze ylmy edara paýtagtymyzyň Bekrewe köçesiniň ugrunda bina edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan «Kämil ymarat» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň umumy meýdany 1,5 gektara deňdir.

Toplumyň çäginde halkara ülňülerine laýyk gelýän 4 gatly edara binasy, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen barlaghana bölümi hereket edýär. Onuň edara binasynda maglumat otagy, kitaphana, muzeý, mejlisler zaly we iş otaglary ýerleşýär. Toplumyň barlaghanalary ylmy işgärleriň gurluşyk materiallaryň we desgalaryň kuwwatyny, ygtybarlylygyny, durnuklylygyny we beýleki häsiýetlerini barlamaklary üçin ähli zerur enjamlar we gurallar bilen üpjün edilendir.

Täze ylmy-barlag institutynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarada Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň degişli ugurlar boýunça kesgitlenen wezipeleri ylmy esasda amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri üpjün etjekdigi barada nygtaldy. Döwrebap desganyň işe girizilmegi gurluşyk ulgamyna täzeçil tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň we häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň ornaşdyrylandygyny aýdyň görkezýär. 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň açylmagy ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine döwlet derejesinde yzygiderli ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.