Dokma önümleri kärdeşler, dost-ýarlar we dogan-garyndaşlar üçin iň gowy, amatly Täze ýyl sowgatlarydyr. Däp bolşy ýaly, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Altyn Asyr» Söwda merkezi Täze ýyl nyşanly dokma önümlerden sowgatlaryň we egin-eşikleriň giň görnüşini hödürleýär.
Gyş baýramynyň esasy nyşanlary – arçada asylýan oýunjakly, garjagazly, şeýle hem geljek 2024-nji ýylyň nyşany bolan «Ýaşyl aždarhanyň» şekili bilen bezelen dokma önümleri alyjylarda baýramçylyk ruhuny döreder. Balyk we aždarha şekilli ýadygärlik sangyçlary bölekleýin, şeýle hem sowgatlyk toplumlarda satylýar.
Açyk reňkli kagyzlara gaplanyp bezelen sowgatlyk sebetleri has dabaraly görünýär. Dükanyň işgärleriniň toplan sowgatlyk her toplumynda özboluşly dürli zatlar bar. Diňe öz islegine görä önümleri saýlaýan alyjylar gerekli sowgatlary özbaşdak toplap bilerler.
Söwda merkeziniň dürli bölümlerinde Täze ýyla degişli ýumşak sangyçlar we hammam halatlary, trikotaž önümleri, ýorgan-düşek sowgatlary, düşek ýapynjalary we örtükleri hödürlenilýär.
Üýtgeşik sowgatlar bilen çagalary begendirmek isleýän ata-enelere ýumşak oýunjak görnüşinde Täze ýyl çagalar goştorbalary, Täze ýyl bezegli ýyly pižamalar we joraplar hödürlenýär. Ýetginjekler we ýaşlar üçin jinsi önümleri we ýyly pamazy köýnekler iň gowy sowgat bolup biler, bu diňe gyş günleri ýylylyk bermän, eýsem, dürli görnüşli nysakly eşikli bolmaga kömek eder.
Egin-eşikde milliligi halaýan zenanlar üçin ajaýyp türkmen ýaglyklardan, ýokary hilli matalardan ybarat göze gelüwli sowgatlyk toplumlary toplanypdyr.
Ozal bellenip geçilişi ýaly, Gündogar senenamasyna görä, 2024-nji ýyl «Ýaşyl agaç aždarhasynyň» ýylydyr. Şonuň üçinem şu ýyl ýaşyl reňkli sowgatlar üstünlik getirýär diýlen ynanç bar. Ýaşyl öwüşginli eşikler Täze ýyl gijesi ýerlikli bolar.