Ï Dialog — parahatçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dialog — parahatçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň kepili

view-icon 3731
Dialog — parahatçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň kepili
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum geçirildi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Watanymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, döwletimiziň taryhynda täze eýýamy açdy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýurdumyzyň halkara hukuk derejesini tassyklaýan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Halkymyzyň parasatly durmuş filosofiýasyny we gadymdan gelýän ynsanperwer däplerini özünde jemleýän bu hukuk derejesi BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär.

Sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak, köptaraply diplomatiýany netijeli herekete getirmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky umumy tagallalara uly goşantdyr. Utgaşykly görnüşde geçirilen şu gezekki maslahat hem ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk teklipleri öňe sürýän Türkmenistanyň bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli ädimleri ädýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň girelge zalynda ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde, baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Forum ýokary derejedäki umumy mejlis bilen açyldy. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr.

Öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz täze taryhy eýýamda tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalar, şol sanda 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» ýaly Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Şol ýylyň dekabr aýynda bolsa Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasy bilen 2023-nji ýyl “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edildi.

Zerurlygy we möhüm ähmiýeti döwür tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň bu başlangyjy dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň parahatçylykly, özara ynanyşykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy wehimlere jogap bermek, bar bolan meseleleri çözmek, geljek nesiller üçin abadan geljegi gurmak babatda dialog we hyzmatdaşlyk arkaly bilelikdäki işlere gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň çäklerinde döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi.

Forumyň umumy mejlisinde çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de foruma gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhüm ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde täzeçil çemeleşmeleri teklip edendigi nygtaldy. Munuň üçin oňyn halkara dialogy has-da ösdürmek zerurdyr. Şunda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, netijeli gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti nygtaldy. Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk sözlerini beýan edip, jenap D.Şlapaçenko Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň, jogapkärçilikli orny eýelemek bilen, Türkmenistanyň BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şonda döwlet Baştutanymyz ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek täze başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi. Şunda degişli Strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny girizmegiň ähmiýeti bellenildi. Şolaryň hatarynda gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy, jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly ugurlar bar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çykyşynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Onuň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini, halkara guramalary, maliýe we ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiç ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy hereketleri işjeňleşdirmekde uly ähmiýeti bolan foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we Hökümetine hoşallyk bildirdi. Şunda özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan dialogy pugtalandyrmak üçin şertleri döretmek möhüm esas bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milletler Bileleşiginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýurdumyzyň goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi nygtaldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamagyň, özara ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertidigini nygtady. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmak, bu ugurda BMG-niň we beýleki guramalaryň tagallalaryny goldamak üçin aýratyn mümkinçiliklere eýedigi bellenildi. Aşgabatda iri halkara maslahatlaryňdyr duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň döredijilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýakyndan goldaw berýändigi üçin ýurdumyza hoşallyk bildiren Kaha Imnadze sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmekde we goldamakda BMG-niň ygtybarly, netijeli hyzmatdaşy hökmünde Bitarap Türkmenistanyň ähmiýetli ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidilen hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy BMG-niň Baş sekretarynyň Parahatçylyk üçin gün tertibiniň ýörelgelerine hem laýyk gelýär. Sebit merkeziniň ýolbaşçysy sözüniň ahyrynda türkmen halkyny Bitaraplygyň 28 ýyllygy bilen mähirli gutlap, şanly sene mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Kamilowyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mereý Mukažanyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň syýasy işler boýunça kömekçisi Ýousef Al Dobeanyň çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruna we parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryna ýokary baha berildi.

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kauma, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus, BMG-niň Baş sekretarynyň ählumumy kommunikasiýalar boýunça orunbasary Melissa Fleming, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow, Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku, şeýle hem Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň prezidenti Pan Gi Mun sanly ulgam arkaly foruma gatnaşyjylara ýüzlendiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Giň ugurlary öz içine alýan, soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribeler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlyk strategiýasy Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigi, umumy abadançylygyň bähbidine köpugurly mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda tagallalary durmuşa geçirýändigi bellenildi. Çykyş edenler Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň işjeň ornuna oňyn baha berip, häzirki döwürde bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meselelerde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Soňra forum dört sany bölümçede öz işini dowam etdi.

Mejlisleriň biri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde geçirilip, ol öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde dialogyň ähmiýetine bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen we Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Häzirki wagtda bu düzüm sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, durnukly ösüşe ýardam etmek bilen bagly möhüm meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa döwletlerini we Birleşen Milletler Guramasyny özara baglanyşdyrýan netijeli gurala öwrüldi. Häzirki zaman şertlerinde dawa-jenjelleriň öňüni almakda, olaryň ýaramaz täsirini aradan aýyrmakda, sebit hem-de ählumumy üýtgeşmeler babatda alnyp barylýan oňyn işleri pugtalandyrmakda, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti barha artýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen ikinji mejlisiň mazmuny dialog arkaly parahatçylygy gazanmakda zenanlaryň orny barada boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gender syýasaty ulgamynda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda BMG we beýleki halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Bu ulgamda hyzmatdaşlygyň oňyn meýdançalarynyň biri hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogydyr. Onuň işine türkmen zenanlary hem işjeň gatnaşýarlar. Şunda parahatçylygy gurmagyň aýrylmaz we wajyp şerti hökmünde zenanlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmak üçin tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şol institutda geçirilen üçünji mejlis dialog arkaly geljekki nesilleriň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerinde ýaşlaryň mümkinçiligine bagyşlandy.Täze taryhy eýýamda ýaşlar syýasaty Bitarap Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Bu ugur Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň öňe süren garaýyşlarynda hem öz beýanyny tapdy. Sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Dürli medeniýetlere, sebitlere we garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda ýakyn gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde ýagty geljegi gurmak işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini ulanmakda hyzmatdaşlyk etmek maslahatyň esasy maksady boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şeýle maslahatyň geçirilmegi ýaş nesillere döwletimiz tarapyndan uly ynam bildirilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Forumyň jemleri boýunça medeniýetara dialogyň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmakda yzygiderli hereketleriň meýdançasy bolup hyzmat etmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekilendigini bellemelidiris.

BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda guralan dördünji mejlis ählumumy daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlykda diplomatik dialogyň ähmiýetine bagyşlandy. Bu meselä Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda dowam eden 28-nji maslahatynyň (СOP28) gün tertibinde aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, howa meseleleri aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýan ekologiýa diplomatiýasynyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini bellemelidiris.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “СOP28” maslahatyndaky çykyşynda degişli ugurdaky esasy wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň başlangyçly çemeleşmelerini beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwrüň esasy wehimlerine garşy göreşmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz “СOP28” maslahatynda bütin adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny beýan etdi.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bu möhüm çäräni guramakda berlen hemmetaraplaýyn goldaw we bilelikdäki işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda döredilen oňyn şertler üçin çuňňur hoşallyk bildirilýär.