Ï Türkmenistanda Adalatçynyň edarasynda Halkara zähmet guramasynyň wekili bilen duşuşyk boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Adalatçynyň edarasynda Halkara zähmet guramasynyň wekili bilen duşuşyk boldy

view-icon 4327
Türkmenistanda Adalatçynyň edarasynda Halkara zähmet guramasynyň wekili bilen duşuşyk boldy

Ýakynda Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetiniň Aşgabada bolan saparynyň çäginde Adalatçynyň edarasynda tehniki goldaw toparynyň mynasyp zähmet meseleleri we Halkara zähmet guramasynyň Gündogar Ýewropa hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin býurosynyň halkara zähmet standartlary boýunça hünärmeni Miranda Faerman bilen duşuşyk bolup geçdi.

Miranda Faermana hukuk goragy boýunça milli guramanyň işi we Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerini gowulandyrmak boýunça üýtgetmeleriň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berildi.

Duşuşykda, şeýle hem Türkmenistanyň HZG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen bu guramanyň zähmet hukuklary babatynda alyp barýan esasy halkara hereketlerine goşulandygy we halkara hukuk kadalarynyň berk ýerine ýetirilmeginiň tarapdarydygy bellenildi.

Türkmenistanyň adamyň zähmet hukuklaryny öňe sürmek we goramak ugrundaky tagallalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Adalatçynyň edarasynyň bu işde eýeleýän möhüm ornuna baha berildi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we adam hukuklaryny goramagyň hem öňe sürmegiň bähbitleri üçin mundan beýläkki ösüşine özara taýýardyklaryny mälim etdiler.