Ï Halkara Bitaraplyk güni Türkmenistanyň suratkeşleriniň eserlerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara Bitaraplyk güni Türkmenistanyň suratkeşleriniň eserlerinde

view-icon 4956
Halkara Bitaraplyk güni Türkmenistanyň suratkeşleriniň eserlerinde
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Çeperçilik sergiler müdirliginiň sergiler zalynda türkmen suratkeşleriniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň nobatdaky ýyl dönümine bagyşlanan eserleriniň sergisi açyldy. Türkmen suratkeşleri bu baýramy sungatda gazanan täze üstünlikleri bilen garşy alýarlar. Sergä jemi 80-e golaý iş hödürlenipdir, olaryň arasynda surat eserleri, grafika, gobelen we keramika bar.

Sergi Gahryman Goçmyradowyň «Sen kim?» atly döredijilik işi bilen başlanýar. Magtymgulynyň bir goşgusynyň ady bu suratyň ýordumynyň esasy bolup durýar. Suratkeş çeken suratynda köp zady birleşdiripdir, şol sebäpli ol, ilkinji garaýyşda, ýelmeme usulynda ýerine ýetirilen syrly çyzmaça meňzeýär.

Bezirgen Gurbannurowyň «Duralga» atly suraty awtobusa ýeke özi garaşyp duran bir gyzyň ýagdaýynyň takyk şekillendirilendigi bilen ünsi özüne çekýär. Tomaşaçy jemgyýetçilik ulaglaryna garaşanyňda, wagtyň nähili haýal, has beterem boş geçýändigini gowy bilýär.

Polat Garryýewiň «Ene» atly işi – diýseň täsirli surat. Portretden köp zady başyndan geçiren garry ene seredip dur. Onuň ownukly-irili ýygyrtdyr gasynlar bilen örtülen ýüzünde başdan geçiren şatlykly günleri, parasatly gözlerinde bolsa yz galdyran wakalar görünýär.

Saparmämmet Meredow sergide birgiden surat görkezdi. Onuň üýtgeşik surat çekiş usuly bar – dury däl ýerlik, ýüzleri pikirli, özleri aýdyň görünmeýän adamlar. Onuň suratlary elmydama tanalýar. Bir gojanyň psihologik ýagdaýyny suratlandyrýan «Bu günem geçdi» suraty onuň iň täsirli işleriniň biridir.

Grafik işlerden «Kalbymda» atly liriki iş aýratyn ünsi çekýär. Hurma Jumamyradowa gözüň we ýaňagy meňli gyzyň keşbini utgaşdyrypdyr. Gözden akýan ýaş ybadatdaky ýigidiň aýasyna dökülýär. Elbetde, tomaşaçy bu suratda gürrüňiň Meňli bilen Magtymguly baradadygyna düşünýär. Ýöne Hurma Jumamyradowanyň aýra düşen aşyk-magşugyň duýgularyny ajaýyp suratda beýan edip bilendigini bellemelidiris.

Orazgeldi Öwezow hem sergä köp surat getiripdir. Ol bu ýere gelenleri «Güller», «Güller we almalar», «Almaly natýurmort» ýaly gülli natýurmortlar, şeýle hem «Ak daglar» peýzažy bilen geň galdyrdy. Orazgeldiniň çeken suratlarynyň hemmesi-de öwüşginli, gujurdan doýgun, post-impressionizm usulynda çekilen.

Aleksandr Kinýakiniň «Bagşy» atly suraty grafika, şygar we surat žanrlarynyň utgaşmasy bilen döredilipdir. Biziň öňümizde aýdym aýdýan aýal bagşynyň şatlykly ýüzi, arkarakda bolsa onuň sungatyny söýýän we gadyryny bilýän obadyr şäherleriň sudury şekili bar. Eser ýerine ýetirilişiň özboluşlylygy we aýal bagşynyň edil janly ýaly, aýdym aýdyp duran ýüzi bilen özüne çekýär.

Ajaýyp tebigaty bolan dogduk topragymyz Wepa Gurdowyň «Bathyz goraghanasy», Erkin Kabulowyň «Bahar», Nazmämmet Şatlykgulyýewiň «Peýzaž», Hatyja Amansähedowanyň «Peýzaž» suratlarynda-da öz beýanyny tapypdyr.

Suratlaryň ýordumy türkmen halkynyň döredijilikli durmuşyny beýan edýär, bu bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen ajaýyp şekilde utgaşýar.