Ï Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» derejesini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» derejesini kabul etdi

view-icon 8630
Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» derejesini kabul etdi

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda «Şuşa – türki dünýäniň medeni paýtagty-2023»-iň ýapylyş dabarasy bolup geçdi. Oňa Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli, Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Azerbaýjanyň Prezidentiniň Şuşadaky ýörite wekili Aýdyn Kerimow, Türki medeniýet we miras gaznasynyň başlygy Aktoty Raýimkulowa, «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýen ada mynasyp bolan Eskişehir, Şeki, Türküstan, Oş, Hywa, Kastamonu, Bursa, Änew, Şuşa şäherleriniň wekilleri we sungaty söýüjiler gatnaşdylar.

Çäräniň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň sazlaýjysy diýen wezipe Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa geçirildi, «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany bolsa Änew şäheriniň häkimi Röwşen Jumaýewe gowşuryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesinde TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew Änew şäheriniň ilatyna geljek ýylda bu abraýly wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi. Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bolsa Türki döwletleriniň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we TÜRKSOÝ-yň alyp barýan işleriniň Türki dünýäniň agzybirligine hyzmat edýändigini nygtady.

Bu çäre Azerbaýjandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen sungat işgärleriniň konserti bilen tamamlandy. Onda Türki dünýäniň halklarynyň aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetirildi.

«Türki dünýäniň medeni paýtagty – Şuşa-2023» çäreleriniň jemleýji maksatnamasynyň çäginde Türki dünýäniň 9 ýurdunyň 16 habar beriş serişdesiniň wekillerine TÜRKSOÝ-yň KHS-2023-e degişli baýraklary gowşuryldy. Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti-de bar.

TÜRKSOÝ-yň baýraklary, adatça, baý türki medeniýetini bütin dünýä ýaýmak we wagyz etmek maksady bilen, oňa agza ýurtlarda öz borjuny ýerine ýetirýän, şeýle hem beýleki ýurtlarda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine, bu medeni çäreleri giň halk köpçüligi üçin geçirmäge edýän ýardamy üçin gowşurylýar.