2023-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Ženewadaky Milletler Köşgünde Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli çäreler geçirildi. Olara Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowa-da gatnaşdy.
Türkmenistanyň Adalatçysy 11-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň edarasy tarapyndan guralan ýokary derejeli konferensiýada we hökümete degişli bolmadyk BDG guramanyň, şeýle hem INHR guramanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli adam hukuklary guramalarynyň şol bir wagtda geçiren çäresinde çykyş etdi.
Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli konferensiýa halkara guramalaryň ýokary derejeli işgärleri, wekiliýetleriň ýolbaşçylary we adam hukuklary boýunça milli edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissary Folker Türk oňa gatnaşýanlary azatlyk, deňlik we adalat ýolunda hemmeler üçin esasy halkara çelgi bolup gelýän Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy bilen gutlady.
Maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň Adalatçysy oňa gatnaşýanlara ýurdumyzyň adam hukuklaryny we kanunyň hökmürowanlygyny ösdürmekde gazanan üstünlikleri barada maglumat berdi, şeýle hem «Adam hukuklary–75» kampaniýasynyň çäginde Türkmenistanyň borçlaryny we Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kadalarynyň durmuşa geçmegine mundan soňky ediljek ýardamy yglan etdi. Hususan-da, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýaşlar syýasatyny güýçlendirmek, adam hukuklaryny üpjün etmek üçin daşky gurşaw çemeleşmelerini ulanmak, Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak, şeýle hem adam hukuklary boýunça garaşsyz guramanyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek ýaly borçnamalar beýan edildi.
Türkmenistanyň Adalatçysy hökümete degişli bolmadyk BDG guramasy we telekeçi däl INHR guramasy, şeýle hem Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň adam hukuklary boýunça milli guramalary tarapyndan şol bir wagtda guralan çärede eden çykyşyny adam hukuklary boýunça milli guramalaryň 2030-njy ýyla çenli DÖM-iň durmuşa geçirilmegindäki hyzmatyna we goşandyna bagyşlady.
12-nji dekabrda ýokary derejeli «Adam hukuklary–75» çäresi işini dowam etdirdi. Bu sessiýada birnäçe döwlet Baştutanlarynyň çykyşlary diňlendi, ondan soň parahatçylyk we howpsuzlyk, sanly tehnologiýalaryň ösüşi, daşky gurşaw we howa meseleleri, ösüş we ykdysadyýet, adam hukuklarynyň ekologik ulgamyny ösdürmek ýaly möhüm temalarda adam hukuklarynyň geljegi barada tegelek stoluň başynda maslahat bolup geçdi. Bu çärelere Türkmenistanyň Adalatçysy-da gatnaşdy.
Ynsan hukuklary boýunça ygtyýarly wekilimiziň «Adam hukuklary–75» atly ýokary derejeli konferensiýa we şuňa meňzeş çärelere gatnaşmagy ýurdumyzyň adam hukuklary we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk babatynda halkara resminamalaryna laýyklykda kabul edilen borçnamalara ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasy boldy.