Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň işgärleri suwuň hilini derňemek üçin niýetlenen enjamlary özleşdirýärler. Gullugyň Aşgabat we welaýat bölümleriniň hünärmenleri ýerasty ýa-da ýerüsti suwlaryň ýerleşýän ýerlerinde onuň derejesini, temperaturasyny, elektrik geçirijiligini, bulanyklygyny we beýleki häsiýetlerini ölçemäge mümkinçilik berýän «SEBA KLL-Checker» enjamlaryny özleşdirdiler.
Bu okuw Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek» taslamasynyň çäginde geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň wekilleriniň ýurdumyzda daşky gurşawa gözegçilik etmek mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Taslama milli sazlaýyş mehanizmini we dolandyryş işlerini ösdürmegi, şeýle hem kararlary netijeli kabul etmek üçin zerur maglumatlary bermek üçin suw pudagynda subutnamalar binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.