Deslapky çaklamalara görä, hepdäniň başy sowuk bolar. Şeýle-de bolsa, dynç günlerine çenli ýurdumyz boýunça howanyň ortaça temperaturasy +18 gradusa ýeter.
Aşgabatda duşenbe we sişenbe günleri howa bulutly bolup, gündizlerine +6… +8 gradus, gijelerine 0… -2 gradus bolar. Hepdäniň ortalarynda howa az wagtlyk maýlap başlar. Dynç günleri gündizlerine +18 gradusa çenli maýyl bolar. Şol bir wagtyň özünde sowuk şemal öwüsmegi-de mümkin. Kä ýerlerde ýagyş ýagar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howa gündizlerine +4… +9 gradus, gijelerine -3… +2 gradus bolar. Dynç güni gündizine +20 gradus, gijesine +7 gradusa çenli maýyl bolar. Ygal ýagmagy ähtimal.
Balkan welaýatynda bulutly we şemally howa bolup, gündizlerine +8… +13 gradus, gijelerine -3…+2 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda az-owlak ýagyş ýagar. Dynç günleri açyk howa bolar. Gündiz howanyň temperaturasy +20 gradus, gije +9 gradusa çenli ýokarlanar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +4… +9 gradus, gijelerine -4… +1 gradus bolar. Ygal ýagmagy mümkin. Dynç günleri howanyň temperaturasy +19 gradus bolar.
Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, gündizlerine +3… +8 gradus maýyl, gijelerine 0… –5 gradus sowuk bolar. Hepdäniň ahyrynda gündizlerine +18 gradus, gijelerine +7 gradus çenli maýlar.
Daşoguz welaýatynda şemally we ýagyşly howa bolup, gündizlerine -2… +3 gradus, gijelerine -5… -10 gradus bolar. Dynç günlerinde ortaça temperatura gündiz +10 gradus bolar.