Ï Ýaş žurnalistleriň arasynda yglan edilen «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş žurnalistleriň arasynda yglan edilen «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

view-icon 4081
Ýaş žurnalistleriň arasynda yglan edilen «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp yglan edilen «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

«Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşigi ýaşlary döredijilige höweslendirmek, olaryň zehinini açmak maksady bilen guraldy. Düzgünnama laýyklykda, ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan 35 ýaşa çenli bolan ýaşlary, ýaş žurnalistler, pudak edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, mekdep okuwçylary bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Şunlukda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen desgalaryň, hemişelik Bitaraplygyň döwletiň içeri we daşary syýasatyndaky ornuny, türkmen ýaşlarynyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, halkara giňişliginde gazanýan üstünliklerini anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açyp görkezýän makalalardyr oçerkleriň, söhbetdeşlikleriň jemi 100-e golaýy hasaba alyndy. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige hödürlenen eserleri içgin seljermek bilen, zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirliligine, maglumatlara baýlygyna, diliniň çeperçiligine we şireliligine, many-mazmunyna baha berdiler. Olaryň arasyndan iň mynasyplary bolsa bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde kesgitlenildi.

Netijede, eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Paýhas synagy» bölüminiň müdiri Nowruz Güýjow, «Watan» gazetiniň bölüm müdiri Ahmet Geldiýew, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy Seýran Seýitmämmedow, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagty ýol şäherçe kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Allanur Çaryýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby Batyr Kuliýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby Toýly Muhammetdurdyýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Merýem Şyhynyýazowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Gurbansähet Gurbansähedow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Aýlar Atajykowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Çary Çaryýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Süleýman Haýdarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby Döwlet Heşdekow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Çaryýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nury Hudaýgulyýew «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan edildi.

Ýeňijiler guraýjylar tarapyndan Hormat hatlardyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.