Ï Belent maksatlar üstünliklere beslenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belent maksatlar üstünliklere beslenýär

view-icon 4225
Belent maksatlar üstünliklere beslenýär
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna bagyşlanyp, “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary — çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk ýoly” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, degişli halkara düzümleriň Türkmenistandaky wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň wekilleridir beýleki ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat başlanmazyndan ozal, myhmanlar bu merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde olar milli mukamyň owazy astynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň sergisi, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik eseri bilen tanyşdylar. Şeýle-de sergide ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlary — türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden ýörite usul arkaly taýýarlanylan melhem çaýlar görkezildi.

Soňra geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň hem-de onda garalan meseleleriň möhümdigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, gaznanyň müdiriýeti tarapyndan asylly, sahawatly işler amala aşyryldy. Şeýlelikde, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça näsag çagalaryň 260-syna degişli operasiýalar geçirildi. Bu bolsa köp sanly näsag çaganyň saglygynyň dikeldilmegini üpjün etdi. Şeýle-de howandarlyga mätäç çagalara birnäçe keseller boýunça bejergiler amala aşyryldy we saglygy goraýyş, öňüni alyş-anyklaýyş çäreleri geçirildi. Mundan başga-da, mätäçlik çekýänler üçin lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy. Munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar geçen ýylda näsag çagalara degişli operasiýalaryň geçirilendigini hem-de häzirki wagtda olaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şol çagalaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýändikleri nygtaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna niýetlenen ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Bu bolsa türkmen halkyna mahsus ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuşynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar hem-de giň gerimli halkara çäreler geçirilýär. Bu bolsa dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen gurlan Arkadag şäherinde ýerleşýär. Mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler ösüp gelýän ýaş nesliň hemişe döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygyny görkezýär.

Dabaraly maslahatda döwletimiziň yzygiderli tagallasy esasynda ýaşlaryň tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ajaýyp üstünlikleri, halkara derejedäki ýeňişleri bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrandyklary nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň sanynyň artýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda işläp taýýarlan maksatnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamda amala aşyrylýan işler BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýörelgelerine laýyk gelýär hem-de bu iri düzümiň goldawyna mynasyp bolýar.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi. Nesilleriň dowamaty — döwürleriň baglanyşygy” diýen jümleleriniň many-mazmunyna we ähmiýetine ünsi çekdiler. Ýurdumyzda ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa parasatly ata-babalarymyz tarapyndan taryhyň dowamynda kemala getirilen ýörelgeleriň nusgalyk derejede dowam etdirilýändiginiň ýene bir güwäsidir.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde beýik işleriň amal bolýandygy, olaryň häzirki döwrüň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýandygy bellenilýär.