Ï Resul Gylyjowyň orkestri bilen «Täze ýyl yşyklary»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resul Gylyjowyň orkestri bilen «Täze ýyl yşyklary»

view-icon 3978
Resul Gylyjowyň orkestri bilen «Täze ýyl yşyklary»
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Täze ýylyň bosagasyndaky günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň türkmen estrada aýdymçylary bilen beren konserti uly üstünlik gazandy.

A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň «Dostluk» çagalar horunyň agzalary sahna myhmany boldular. Olar konserte baýramçylygyň täsir galdyryjy howasyny getirdiler. Konsertde meşhur estrada aýdymçylary Döwran Şammyýew, Maýsa Nyýazowa, Mansur Şaripow, Anna Weliahmedowa dagy çykyş etdi.

Sahna çykan her bir aýdymçynyň zalda oturanlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlamagy aýratyn bellemäge mynasyp hereketdir. Geljek ýyl üçin arzuw edilen üstünlikler-de tomaşaçylaryň ruhuny göterdi.

«Gar tozgasy», «Gar bolsa ýagýar», «Bir gezek dekabrda», «Şähere Santa Klaus gelýär», «Ýene-de – boragan» – şu we konsert maksatnamasyna girizilen beýleki aýdymlar Täze ýyl baýramçylygynyň keşbini gowy suratlandyrýardy.

Resul Gylyjow Ştraus hakynda gyzykly bir hekaýat gürrüň berdi: «Bir gezek Pawlowsk bagynda gezim edýärkä, Ştraus bir ikatýoga ýüzlenýär: «Ikatýok, ikatýok! Näçe wals, näçe tans ýazaryn?!» Ikatýok onuň jogabynda şeýle bir köp gukguldapdyr welin, ol ýüzden gowrak wals we tans ýazypdyr». Tanslardan «Pawlowsk bagynda» diýlip atlandyrylýan birini konsertde simfoniki orkestr ýerine ýetirdi.

Orkestr Çaýkowskiniň rok uslybyna geçirilen sazy bilen tomaşaçylary haýran etdi. Çaýkowskiniň «Hozdöwer» baletiniň täzeden işlenen bir bölegi Latyn Amerikan uslybynda ýerine ýetirildi. Mansur Şaripowyň çykyşy iki sany tolgundyryjy aýdymyň: Daňatar Hydyrowyň «Şatlykly gün» we Eduard Hankyň «Gyş» aýdymy bilen hatyralara ýazyldy.

Konsert Iogan Ştrausyň «Radetskiniň ýörişi» bilen tamamlandy. Resul Gylyjow bir wagtyň özünde iki topara – sazandalara we diňleýjilere dirižýorlyk etdi. Ikinji topar, halypa olara ýüzlenende, göçgünli sazyň depginine goşup bir adam ýaly el çarpdy. Bilelikdäki çykyş tomaşaçylaryň keýpine keýp goşdy. Konsertiň ahyrynda Resul Gylyjow adatdakysy ýaly tomaşaçylara ýüzlenip, Döwlet simfoniki orkestriniň we solistleriniň döredijiligi bilen gyzyklanýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. «Bu gyzyklanma her gezek siziň ynamyňyzy ödemek üçin hünär taýdan ösmegimize kömek edýär» diýip, ol belledi.