Ï Mekdep okuwçysy Bally Babaýewiň Täze ýyl sowgady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçysy Bally Babaýewiň Täze ýyl sowgady

view-icon 5303
Mekdep okuwçysy Bally Babaýewiň Täze ýyl sowgady

Aşgabat şäherindäki Gurbansoltan eje adyndaky 72-nji orta mekdebinde adaty däl bir waka – ähli okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda mekdep howlusynda «Oglan we delfin» atly 2 metrlik gips heýkel kompozisiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Wakanyň adaty däldigi 11-nji «B» synp okuwçysy Bally Babaýewiň bu kompozisiýanyň awtory bolmagydyr.

Bally delfin bilen oýnaýan oglany şekillendiripdir. Onuň aýtmagyna görä, bu kompozisiýa adam bilen tebigatyň bitewüligini alamatlandyrýar.

Näme üçin heýkeliň gahrymany hökmünde delfini aldyň? – diýip, biz awtordan soradyk.

– Delfin – halasgär – diýip, Bally jogap berýär. – Bu haýwan köp adamyň janyny halas edendir. Delfin, şeýlelik bilen, planetamyza ýagşylyk getirýär. Biziň hemmämiz dürli-dürli, ýöne şol bir planetada we şol bir wagtda ýaşaýarys. Şonuň üçin meniň «Oglan we delfin» kompozisiýam Ýer ýüzünde parahatçylyga we dostluga çagyrýar.

– Bu ýadygärligi gurmak üçin mekdebi saýlamagyňyzyň sebäbi näme? Bu kompozisiýa paýtagtymyzyň islendik meýdançasyny ýa-da seýilgähini bezäp bilerdi, ol ýerde ony has köp adam görerdi ahyryn.

– Kompozisiýamyň baş gahrymany – oglan. Ol daşky gurşaw bilen sazlaşykda we bilime ymtylýar. Bilim adamy kämilleşdirýär. Şol sebäpden mekdep howlusy – meniň kompozisiýam üçin iň oňat ýer.

Bally Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň we tanymal keramikaçy Gülara Babaýewanyň ogly. Birnäçe ýyl mundan öň Bally öz suratlaryny maşgala sergileriniň birinde görkezipdi. Şonda hünärmenleri we şekillendiriş sungatyny söýüjileri bu oglanyň ajaýyp döredijiligi özüne çekipdi. Köpler oglany gowy suratkeşlik zehini bilen gutlapdylar. Bally olara hoşallyk bildiripdi, ýöne «Men heýkeltaraş boljak» diýip nygtapdy.

Ballynyň arzuwy hasyl bolup başlaýan ýaly.

– Biz okuwçy Bally Babaýewiň gowy geljegine ynanýarys – diýip, mekdep müdiri Güýçgeldiýewna Amanşeker Aşyrowa aýdýar. – Onda munuň üçin zerur zatlaryň hemmesi: zähmetsöýerlik, erjellik, döredijilikli pikirlenmek bar. Wagtyň geçmegi bilen, Bally tanymal heýkeltaraş bolar diýip umyt edýäris. Şonda mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary mekdep howlusynda şu mekdepde okan çaganyň «Oglan we delfin» heýkeliniň bardygyna hasam buýsanarlar. Ýeri gelende aýtsak, «Oglan we delfin» heýkeli Ballynyň mekdebimize sowgat beren ýeke-täk işi däl. Türkmen bedewiniň milli baýramynda Bally bize ahalteke atynyň heýkelini, Türkmen alabaýynyň baýramynda bolsa gipsden ýasalan türkmen alabaýynyň heýkelini sowgat berdi. Soňky günlerde türkmen halky nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp bellemäge taýýarlanýar. Bally Babaýewiň elinden çykan Magtymgulynyň heýkeli hem – mekdebimizde. Bally Babaýew biziň ýurdumyzda uly mümkinçiliklere eýe bolan zehinli ýaş nesliň wekili.