Ï Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

view-icon 4491
Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigini bellediler.

Şeýle-de, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş we netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Munuň şeýledigini iki tarapyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň birek-biregiňkä amala aşyrýan saparlary, bilelikdäki maslahatlaryň, seminarlaryň, forumlaryň we sergileriň geçirilmegi subut edýär.

Şunuň bilen birlikde, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň alyş-çalyşygy, maglumat howpsuzlygy boýunça bilim we maslahat beriş çäreleriniň geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň meseleleri maslahatlaşyldy. Gysga we uzak möhletleýin ylmy-barlag hem-de bilim maksatnamalarynyň, lukmançylyk, oba-hojalygy, ekologiýa, nanotehnologiýalar, syýasaty öwreniş we başga ugurlar boýunça okuw sapaklarynyň hem-de maslahatlarynyň gurnalmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza amala aşyran şu gezekki sapary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmakda ähmiýetli waka öwrüljekligi hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigi hakynda bellediler.