Ï Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

view-icon 5179
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
camera-icon
Hasan Magadow

Şu gün Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýaş nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlarynyň biridir. Hut çagalyk döwründe şahsyýetiň esasy häsiýetleri, ahlak gymmatlyklary, Watana bolan söýgüsi, milli däp-dessurlara hormaty, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarlylygy kemala gelýär. Çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almaklary üçin mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalar yzygiderli üns-alada bilen gurşalýar. Bu babatda halkymyz asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ýörelgeleri kemala getiripdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler çagalaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyna gönükdirilen hukuk kepillikleriniň toplumynda öz beýanyny tapýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine wajyp orun degişlidir. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda ýaş nesliň aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Bu gün uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk gelipdirler. Çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşmaga Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem geldiler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde bu çagalaryň aň-paýhas, beden taýdan sazlaşykly ösmekleri, köptaraply ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Döwletliler köşgünde çagalar döwrebap bilim almak bilen bir hatarda, dürli hünärleri hem öwrenýärler. Bu bolsa olara mekdebi tamamlap, uly durmuşa ynamly gadam urmaga şert döredýär. Olar şekillendiriş sungatynyň, saz çalmagyň inçe tärlerini öwrenýärler. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi “Joşgun” tans toparyny hem görkezmek bolar.

Ýaş zehinli çagalar şu günki dabara gatnaşýan myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy boýunça çykyş edip, öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar, joşgunly tanslary, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde owadan arçanyň daşyndan aýlanyp, aýdym aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy çagalaryň toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk, şeýle hem özleri barada edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny, gutlaglaryny aýtdylar.