Türkmenistanda okuwçylaryň gyşky dynç alyş günleri, şolar bilen birlikde-de ýurdumyzyň döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanan gyzykly Täze ýyl çykyşlary dowam edýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda her gün teatr ertekileri görkezilýär. «Esen şohuň aýdymy», «Durmuş diňe düýş däl», «Demir aýal», «Gopbam towşanjyk», «Jadyly söz» ýaly gülküli oýunlar çagalaryň wagtlaryny şatlykly geçirmek bilen, ýaş tomaşaçylara we olaryň ata-eneleriniň keýpine keýp goşýar.
Çagalar üçin A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri-de gyzykly çykyşlary guraýarlar. Ol ýerde şu günler «Проделки Бабы-яги» we «Гринч – похититель Нового года» atly oýunlar görkezilýär. Erteki gahrymanlary çagalary diňe bir gyzyklandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olara durmuşda dogry ýoly görkezýärler, paýhas, sabyr, hoşniýetlilik we adyllyk ýaly häsiýetleri öwredýärler.
Çagalar we ulular Türkmen döwlet gurjak teatrynyň çykyşlaryny aýratyn gowy görýärler. Çünki olarda diňe artistler däl, eýsem, gurjaklar-da oýnaýarlar. Çagalarda her çykyşyň öňýany bezemen Täze ýyl arçasynyň töwereginde tans edip, Aýazbaba we Täze ýyl hakda goşgy okamaga mümkinçilik bolýar.
Tolgundyryjy duýgulara gaplanmak isleýänler Türkmenistanyň Döwlet sirkine barýarlar. Sirk gümmeziniň astynda çykyş edýän ezber we ussat darbazlaryň, batyr we edermen howa gimnastikaçylarynyň we elbetde, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň at üstündäki täsin çykyşlaryna diňe şu ýerde tomaşa edip bolýar.
Çagalar üçin uly baýramçylyk çäreleri Arkadag şäherinde-de geçirilýär. Teatr oýunlary Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilýär. Şeýle hem diňe sahnada däl, eýsem, «akylly» şäheriň Baş arça agajynyň ýanynda-da çykyş edýän Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleri unudylmajak tomaşa görkezýärler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalar üçin Täze ýyl çykyşy «Märkaw» toý mekanynda bolup geçdi. Çagalar we olaryň ata-eneleri üçin aýdym-sazly tans toparlary, teatr we sirk artistleri çykyş etdiler.
Täze ýyl dabaralaryna gatnaşan iň ýaş we işjeň çagalara Aýazbabanyň adyndan sowgatlardyr ýadygärlikler gowşuryldy. Mekdep okuwçylarynyň sözlerine görä, gyşky dynç alyş günleri olar üçin elmydama iň täsirli we gyzykly günlerdir, çünki şonda ýurduň ähli medeni merkezlerinde Täze ýyl çäreleri geçirilýär.