Ï Türkmenistanyň Döwlet muzeýine adaty däl täze bir zat goşuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet muzeýine adaty däl täze bir zat goşuldy

view-icon 4780
Türkmenistanyň Döwlet muzeýine adaty däl täze bir zat goşuldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýygyndysyna näbelli gadymy organizmiň yzlaryny özünde saklaýan dag jynsynyň nusgasy girdi.

Ony daşky gurşaw boýunça alym Waleriý Kuznetsow Magtymguly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Günbatar Köpetdagdaky Sünt-Hasardag gerşiniň eteginden tapdy.

Muzeýiň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu sebitde ýokarky hekiň 60-80 million ýaşly deňiz çökündi ýataklary giň ýaýrapdyr. Şeýle-de bolsa, şunuň ýaly yzlar ozal ýurdumyzyň çäginde duşmandy. Täze eksponaty muzeýiň ylmy hünärmenleri uly gyzyklanma bilen öwrenýärler.

Nusgadaky yzlar 8-12 mm diametrli altyburçluk torlara meňzemek bilen, 130-150 inedördül santimetr meýdany tutýan ary öýjügini ýada salýar.

Şeýle geometrik yzygiderli nagyşlary ýumşak deňiz topragynda galdyryp biljek zadyň nämedigini anyklamaga Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Paleontologiýa muzeýiniň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Dmitriý Grigorýew kömek etdi.

Alymyň pikiriçe, belli bir tertipde ýerleşen altyburçluk gurluş bu zadyň biologik gelip çykyşy baradaky pikire iterýär. Häzirki zaman düşünjelerine görä, şular ýaly yzlary gubkalar, suwotular we çuň suwlarda ýaşaýan başlangyç organizmler galdyryp biler.

Bu organizmiň ýaşaýyş ukybynyň daşa dönen netijesi Menegininiň paleodiktionyna meňzeýär. Bu at oňa 1850-nji ýylda Mezozoý çökündilerinde geň yzlary ýüze çykaran we toparlara bölen paleontolog Juzeppe Meneginiň hatyrasyna berlipdir. Ary öýjügine meňzeş altyburçluk torjagaz daş bilen örtülipdir. Şu güne çenli şunuň ýaly tapyndynyň ýüzlerçesi ylma belli.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde mezozoý döwrüne degişli 270 million ýaşyndaky daşa dönen agajyň şahasy, taryhdan öňki deňiz kirpileriniň we liliýalaryň, ammonitleriň, belemnitleriň, iki taraply hem garynaýakly mollýusklaryň daşa dönen galyndylary, gaty akula dişleri, merjenler, dinozawr we paporotnik yzy ýaly paleontologik zatlaryň giň toplumy ýygnalypdyr.

Bir örküçli düýäniň gatap galan yzlary, türkmen piliniň kelleçanagy, Hazar piliniň dişi, günorta piliň diş syrçasy, düýeguş ýumurtgasynyň gabyklary we beýleki eksponatlar kaýnozoý eýýamyna degişlidir.

Täze tapyndy-da daşa dönen beýleki galyndylaryň arasynda öz ornuny eýelär.