Ï Dostlukly halklaryň medeni dialogy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostlukly halklaryň medeni dialogy

view-icon 3982
Dostlukly halklaryň medeni dialogy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň eserleriniň sergisi dowam edýär. Bu sergi netijeli türkmen-eýran döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga täzeçe itergi berer.

Gözden geçirilişiň açylyş dabarasy Şekillendiriş sungaty muzeýinde boldy.

Çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzümi suratkeşlerden, halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň ussatlaryndan ybarat boldy.

Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisiniň geçirilendigini görkezmek bolar.

Şu gezekki çäre Türkmenistanyň we Eýranyň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk hyzmatdaşlyga hem-de medeni-ruhy umumylyga esaslanýan gatnaşyklaryň taryhynda nobatdaky möhüm wakadyr. Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyz diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny görkezýärler.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bu çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, 2024-nji ýylyň Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryna, şol sanda medeni çärelere baý bolmagyny arzuw etdi.

Diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen nygtap, bu gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Şu gezekki sergide Eýranyň nusgawy nakgaş we kalligrafiýa eserleriniň ýygyndysy, şeýle hem eýran halkynyň köpugurly medeniýetini şöhlelendirýän beýleki gymmatlyklar görkezildi.

Türkmen suratkeşleri, halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň ussatlary hem dürli žanrlar, ugurlar hem-de çeper özboluşlylyk boýunça taýýarlan işlerini görkezdiler. Olaryň hatarynda bezeg şaý-sepleri, keramika önümleri we beýleki eserler bar.

Däp bolşy ýaly, serginiň çäklerinde ussatlyk sapaklary guraldy. Olarda iki ýurduň suratkeşleri şekillendiriş sungaty, kalligrafiýa we beýleki ugurlar boýunça tejribelerini paýlaşdylar. Eýran sungat ussatlarynyň we olaryň türkmen kärdeşleriniň ussatlyk sapaklary ýaşlaryň hünär bilimlerini artdyrmaga hem-de ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Şeýle hem şu gezekki medeni çäräniň dowamynda «Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky orny» atly döredijilik maslahaty geçirildi.

Türkmenistanda bolmaklarynyň çäklerinde myhmanlar ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp görerler we paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanşarlar.