Türkmenistanda lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen häzirki zaman laboratoriýa enjamlaryny, reagentleri we sarp ediş materiallaryny eltmek Türkmenistan hökümetiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde amala aşyrylýar.
Taslama Türkmenistanyň kliniki we barlaghana hyzmatlaryny güýçlendirmekden ybarat.
Bu enjam eýýäm Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän lukmançylyk edaralarynda oturdyldy we barlaghana hünärmenleri üçin bu enjam bilen işlemek boýunça okuw guraldy. Şeýle çäreler Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda hem amala aşyrylar.