Ï «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylaryň akymy gyşda-da azalmaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylaryň akymy gyşda-da azalmaýar

view-icon 5938
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylaryň akymy gyşda-da azalmaýar

Okuwçylaryň we ulularyň gyşky dynç alyş günleri türkmenistanlylaryň ýüzden gowragy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi.

Hazar deňziniň kenaryndaky şypahananyň meşhurlygy ýurdumyzyň esasy şypahanasynyň häzirki zaman, amatly myhmanhanalaryň we sagaldyş-bejeriş toplumlaryň tutuş ýylyň dowamynda myhmanlary kabul edýänligi bilen baglanyşyklydyr. Güýz-gyş wagtynda syýahatçylar üçin möwsümleýin ýeňillikler hem bar.

Dynç alyş ýerlerinde hödürlenýän şypahana hyzmatlary ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligi, otaglardaky hyzmaty, naharlanmagy we goşmaça hyzmatlary öz içine alýar. Suw bejergisini halaýanlar üçin ýyladylan deňiz suwy we gidromassažly kaşaň howuzlar, SPA merkezleri we ýörgünli türk hammamlary bar.

«Awazadaky» gyş dynç alşy kenar ýakasynda howlukman gezelenç etmegi we açyk howada sport bilen meşgullanmagy halaýanlar üçin amatlydyr.

Her myhmanhana toplumynda futbol, tennis, golf, woleýbol we basketbol oýnamak üçin çagalara niýetlenen we köpugurly sport meýdançalary bar. Syýahatçylar welosipedi kärendesine almak hyzmatyndan hem peýdalanyp bilerler. Deňiz kenarlarynyň arassa howasynda welosipedli gezelenç we şol bir wagtyň özünde şypaly ýodly howadan dem almagyň lezzeti gaýry.

Gyş günlerinde Hazar deňziniň kenary balykgulaklardan dolýar. Gohçul çarlaklar deňiz kenarynda gezelençde hemraňa öwrülýär. Gyşda ýaşyp barýan Günüň has owadanlygyna her syýahatçy göz ýetirip biler. 

Gyşda «Awaza» MSZ-nyň howasy şemally bolýar we ol çalt üýtgeýär. Şeýle bolsa-da, güneşli günler hem gabat gelýär.