Ï Görüşi pes bolan adamlara kömek etmek üçin ýörite sintezator işlenip düzüldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Görüşi pes bolan adamlara kömek etmek üçin ýörite sintezator işlenip düzüldi

view-icon 4664

Ýurdumyzda 8-nji ýanwardan 12-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) türkmen dilinde söz sintezatoryny ulanmak boýunça okuw geçirdi.

Oňa gatnaşyjylar programmany bilim maksatlary üçin ulanmagyň aýratynlyklary, şol sanda ekrany okamak we web sahypalaryna girmek bilen tanyşdylar. Türkmen dilinde söz sintezatory 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Bütindünýä çagalar gününde hödürlendi.

Ol görüşi pes bolan adamlara tekstden sözleýiş tehnologiýasyny ulanyp, türkmen dilindäki tekstlere girmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň görüşi pes bolan çagalar we ulular üçin bilim mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleri görkezýär.

Sintezator Bilim ministrligi, «ATScale» kömekçi tehnologiýalar üçin Bütindünýä hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti, «Louder Pages» kompaniýasy (RHVoice öndürijileri) we ÝUNISEF bilen Türkmenistandaky hyzmatdaşlygyň netijesidir.