Ï GDA agza ýurtlaryň ilatynyň zähmet, iş üpjünçiligi we sosial taýdan goragy boýunça Maslahat beriji geňeşiň nobatdaky mejlisi Aşgabatda geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA agza ýurtlaryň ilatynyň zähmet, iş üpjünçiligi we sosial taýdan goragy boýunça Maslahat beriji geňeşiň nobatdaky mejlisi Aşgabatda geçiriler

view-icon 4679
GDA agza ýurtlaryň ilatynyň zähmet, iş üpjünçiligi we sosial taýdan goragy boýunça Maslahat beriji geňeşiň nobatdaky mejlisi Aşgabatda geçiriler

Şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda GDA agza döwletleriň zähmet, iş üpjünçiligi we sosial taýdan goragy boýunça Maslahat beriji geňeşiniň 37-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistan Arkalaşygyň bu gurluşynyň bir bölegi bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşýar.

GDA agza döwletleriň zähmet, iş üpjünçiligi we sosial taýdan goragy boýunça Maslahat beriji geňeşi özüniň iş alyp baran otuz ýylynyň dowamynda jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm goşant goşdy. Arkalaşygyň berkararlygynyň başynda döredilen bu gurluş pudaklaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm guramalarynyň biri bolup, umumy zähmet bazaryny döretmek, onuň infrastrukturasyny ösdürmek we sosial syýasatyň maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak boýunça kada çykarmak işlerini üstünlikli alyp barýar.

GDA agza döwletleriň zähmet, iş üpjünçiligi we sosial taýdan goragy boýunça Maslahat beriji geňeşiniň mundan öňki, 36-njy mejlisi 2023-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Soçi şäherinde geçirildi. Maslahatyň barşynda Geňeşiň agzalary ýurtlardaky sosial-zähmet ýagdaýyna we bu ugurda görülýän çärelere, 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda meýletinçilik hereketiniň ýylyny geçirmäge taýýarlyk işlerine, GDA ýurtlarynda kanun çykaryjylyk, şeýle hem wagtlaýyn maýyplyk, göwrelilik hem çaga dogurmak boýunça ýardam puly bilen üpjün etmek babatynda iş ýüzünde hukuk ulanylyş meselelerine garap geçdiler.

Duşuşyga gatnaşanlar 2021 – 2025-nji ýyllar üçin zähmet standartlary babatynda GDA agza ýurtlaryň arasynda Hyzmatdaşlygyň konseptual esaslaryny durmuşa geçirmek boýunça esasy işleriň meýilnamasynyň amal edilişi, Arkalaşygyň we dünýä ýurtlarynda esasly iş üpjünçiligi we özbaşdak iş alyp barmak meselesi, şeýle hem olary mümkin boldugyça düzgünleşdirmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda zähmet we iş üpjünçiligi pudagyndaky ýagdaýlary derňemek, GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi boýunça maglumat çeşmesi hökmünde, GDA ýurtlarynyň ilat ýazuwyna, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-kanuny esaslaryny tükelleme hem işe girizme meselelerine dahylly mowzuklara-da garalyp geçildi.