Sanlylaşdyrmak we resminamalary kagyz görnüşlerinden elektron görnüşine geçirmek soňky döwürde notariuslaryň işi bilen baglanyşykly jemgyýetçilik hyzmatlaryna işjeň täsir edýän işdir. Birnäçe ýyl mundan ozal köp adam üçin notariusyň ýanyna gelip, ep-esli wagt nobata durup, ol ýa-da beýleki hukuk barada möhürli kagyz (resminama) almak adaty zatdy.
Indi Adalat ministrliginiň ulgamynda muny göz öňüne getirmegem kyn. Ähli ýerde diýen ýaly notariuslaryň işine resminamalary elektron dolandyrmak usuly ornaşdyryldy. Döwlet hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň girizilmegi notarius işgärleriniň işiniň netijeliligini has ýokarlandyrdy, iň esasysy-da, ilata maslahat (resminamalar) we zerur hukuk kömegini almak ýeňilleşdirildi.
Bitewi elektron maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagy köp babatda notariuslaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrdy. Ol ilata dürli onlaýn hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berdi. Ozal hukuk meseleleri boýunça maslahat almaga ençe wagt sarp edilýän bolsa, indi degişli sowal bilen ministrligiň saýtyna girmek ýeterlikdir.
Köp mesele boýunça sowal berilýär, ýöne olaryň köpüsi raýatlaryň ol ýa-da beýleki hukuklaryny goramak meselelerine degişlidir. Türkmenistanyň «Notariat we notarial işi hakynda» Kanunyna laýyklykda, notariuslaryň esasy wezipesi Türkmenistanyň adyndan notarius hereketlerini kämilleşdirmek arkaly şahsyýetleriň we edara görnüşli taraplaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, döwlet bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekdir.
Notariusyň nirede ýerleşendigine garamazdan, raýatlar olara ýurdumyzyň kanunlaryna we kanunçylyk namalaryna laýyklykda ýüze çykan meseleleri bilen ýüz tutup bilerler. Ilatyň şeýle giň talaplary notarius işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, ministrlik we onuň welaýat düzümleri işgärler üçin ýörite okuw sapaklaryny we maslahatlary yzygiderli geçirýär. Tejribe geçmek we tejribesi ýetik işgärlere berkidilmek ýaş hünärmenleriň kämilleşmegine oňyn täsir edýär.
Häzirki wagtda ilat onlaýn hyzmatlary almak üçin näme gerekdigini gowy bilýär. Adamlaryň özi maslahat almak üçin özüne amatly güni we wagty saýlaýarlar. Alnan kwitansiýa laýyklykda, müşderi bellenen wagtda onuň meselelerinden habarly notariusa ýüz tutýar, bu bolsa olaryň gatnaşygyny has aňsatlaşdyrýar we meseläniň çalt çözülmegine ýardam edýär. Notarial işiň bu usuly, mysal üçin, raýat ýagdaýyny bellige alyş bölümleriniň we gozgalmaýan emläk hasaba alyş hyzmatlaryny işinde gowy netije berýär.
Häzirki wagtda notariatlaryň işine ilata has köp täze onlaýn hyzmatlaryny bermek boýunça işler depginli alnyp barylýar.
Eziz Muhammedow,
Tejen etrap Döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.