Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda halk arasynda Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Seýit Abul Haýryň köpugurly baý mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen ylmy maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen maslahatyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň we ugurdaş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde alym Abu Seýit Abul Haýra bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.
Maslahatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş edip, ikitaraplaýyn ynsanperwer dialogy işjeňleşdirmekde, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bu forumyň ähmiýetini belledi.
Soňra maslahatda çykyş eden hünärmenler beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň Mäne babanyň döredijiligini öwrenip, ony Omar Haýýam, Hemedany, Nyzamy, Rumy we Gündogaryň beýleki meşhur şahyrlary bilen deň derejede ýatlandygyny bellediler. Şeýle hem aramgähiň, onuň içinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň taryhy-medeni ähmiýeti hem-de alym Abu Seýidiň döredijiligini öwrenmekdäki peýdasy barada gürrüň edildi.
Eýranly alymlar öz çykyşlarynda Mäne baba ýaly meşhur şahsyýetleriň bitiren görnükli hyzmatlaryny halkara derejesinde ebedileşdirmegiň meseleleri barada aýratyn durup geçdiler.
Çäräniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde gadymy siwilizasiýanyň alamatlaryny özünde saklaýan «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna guralan gezelenç daşary ýurtly myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Ikinji gün ylmy maslahat öz işini Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dowam etdi. Hünärmenleriň çykyşlarynda Mäne babanyň ylym öwrenen halypalary barada bellenilip geçildi. Şeýle hem çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasyny we nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly milli däplerini gorap saklamagyň hem-de içgin öwrenmegiň möhümdigi bellenilip geçildi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Mäne babanyň kümmetine baryp gördüler.
Kümmet bir bitewi toplumy emele getiripdir. Ähli alymlar bu ajaýyp binagärlik ýadygärliginiň müň ýyla golaý wagt mundan öň bina edilendigi bilen baglanyşykly umumy garaýşy paýlaşýarlar. «Abu Seýit Abul Haýryň kümmetini gorap saklamak» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi orta asyr türkmen binagärliginiň ajaýyp ýadygärliginiň ýumrulmagynyň öňüni almaga mümkinçilik döretdi. Rejeleýiş-abatlaýyş çäreleri diňe bir ony dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, binanyň içiniň bezegi babatda ozal näbelli bolan aýratynlyklary ýüze çykardy.
Hususan-da, sekizburç we haç şekilli keramika plitkalary bilen nagyşlanan syrçaly gatlagyň bölekleri tapyldy. Bu syrçalar «kaşan» syrçalary hökmünde giňden meşhurdyr, olar Nýu-Ýorkuň, Londonyň, Parižiň, Berliniň we dünýäniň beýleki şäherleriniň iri muzeýlerinde saklanýar. Olar musulman Gündogarynyň sungaty bilen gyzyklanýan köp sanly hünärmenlerde aýratyn gyzyklanma döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkymyzyň milli medeni özboluşlylygyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga we ösdürmäge, medeniýetiň döreýşi, ösüşi hakyndaky maglumat çeşmelerini ygtybarly goramaga bolan hukugy üpjün edýär.
Türkmenistan asyrlaryň çuňlugyna uzaýan milli mirasy we häzirki zaman gazananlary bilen sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde özboluşly taryhy-medeni mirasyny we sungatyny wagyz etmek boýunça döwlet syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Bu konferensiýa Abu Seýit Abul Haýryň mirasynyň ýaýramagyna uly goşant goşýar.