Ï ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

view-icon 6843

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, şeýle hem 2024-nji ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Şunuň bilen birlikde, 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen onlaýn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda BMG-niň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orun eýeleýär, her bir halkyň mertebesine we ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanan açyk gatnaşyklar üçin şertleri döredýär.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň dowamynda ýurdumyzda bu guramanyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenildi. Munuň özi, aýratyn-da, Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere degişlidir.

2011-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşulmagy bilen, Watanymyz bu konwensiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin saklamak boýunça giň gerimli işleri geçirýär. Bu konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasyndan birnäçe täsin taryhy desgalar — Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý galasy saýlanyp alyndy we olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. “Görogly” şadessany, “Küştdepdi” aýdym aýtmak we tans sungaty we türkmen milli halyçylyk sungaty hem Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle hem bu görnükli sanawyň üsti “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly hödürnamalar bilen ýetirildi.

2023-nji ýylyň fewral aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçirildi. ÝUNESKO-nyň klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylygyň dilleri”, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň medeniýeti” atly klublar hereket edýär. Geçen ýyl Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublary döredildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň dabaralanýandygynyň, ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakdaky tagallalarynyň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir güwäsidir.

Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýa Olimpiýa geňeşi we beýleki abraýly düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda çykyş edip, bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň 2023 — 2027-nji ýyllarda agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň güwäsidir, ýurdumyzyň bedenterbiýäniň hem-de sportuň ösdürilmegine, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge goşýan uly goşandynyň ykrar edilmegidir.

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamany Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi dünýä medeni mirasyna uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk ýörelgelerini mundan beýläk-de dünýä ýaýmak boýunça zerur çäreleriň geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Ahalteke bedewleriniň bezegi bolup durýan hem-de halkymyzyň däp-dessurlaryny açyp görkezýän täsin çeperçilik önümleri türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän aýratynlyklarynyň biridir.

ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň geçen ýylyň maý aýynda geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklibi goldanylyp, şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldamagynda bu guramanyň şanly seneleriniň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak hakyndaky hödürnama makullanyldy.

20-nji sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi», şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny, şunuň bilen birlikde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalaryny, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasyny we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi, munuň özi medeni hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdi hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Hut şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi barada çözgüdiň yglan edilendigi buýsançly ýagdaýdyr.

ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, özbegistanly kärdeşler bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde bu guramanyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek, şeýle hem halkymyzyň milli mirasy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny bu abraýly sanawa girizmek üçin hödürnamalary taýýarlamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. “Dünýäniň hakydasy” halkara maksatnamasy boýunça gollanma hökmünde “Türkmenistan — ÝUNESKO: ýadygärlikleri bilelikde goralyň!” atly monografiýa taýýarlanyldy.

2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe dabaralary geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisiniň dowamynda bu guramanyň iri düzüm birliklerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hem-de maglumatlary alyşmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, şeýle hem guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.