Ï Magtymguly Pyraga bagyşlanan sungat eserleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyraga bagyşlanan sungat eserleri

view-icon 14743
Magtymguly Pyraga bagyşlanan sungat eserleri
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň şygryýetinde türkmen topragynyň gözelligi» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler maslahata gatnaşyjylara şahyryň dogduk Diýarynyň gözelligini wasp edýän goşgularyny okadylar.

Maslahatyň çäklerinde şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan sergi guraldy. Sergi özboluşly eser bolan «Türkmeniň» goşgusynyň sözleri dokalan haly bilen başlanýar. Dokuz dörtlemeden ybarat bu meşhur eserde Magtymguly türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuş hakda arzuwlaryny beýan edýär.

Sergide özüne çekiji eserler kän. Mysal üçin, Magtymguly Pyragynyň garry atasy Döwletmämmet Molladan başlaýan şejeresi görkezilýär. Şahyryň gandüşer garyndaşlary indi nesil şejeresiniň dowamy bolup gelýär. Onuň ýanynda Magtymguly Pyragynyň dünýä ýurtlaryna syýahatynyň kartasy ýerleşdirilipdir.

Özboluşly işleriň merkezinde Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň Magtymguly Pyragynyň gipsden ýasan heýkeli bar. Heýkeltaraş şahyry eli uzyn golýazma kagyzly buýsançly başyny dik tutup oturan keşpde şekillendiripdir.

Heýkeliň aňyrsynda tekjeleriň birinde Magtymgulynyň pars dilinde ýazylan asyl golýazmalarynyň nusgalarynyň göçürmesi bar. Ine, bular goşgularyň türkmen diline geçirilen görnüşi. Magtymgulynyň golýazmalarynyň asyl nusgalary, aýratyn gymmatly eser hökmünde Golýazmalar institutynyň gorlarynda saklanylýar.

 Belki-de, sergidäki iň wajyp eserleriň biri hem Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgularynyň ýygyndysydyr.

Serginiň guramaçylary Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň bermäge köptaraply çemeleşdiler. Şahyryň köp sanly portretleriniň arasynda 1947-nji ýylda Aýhan Hajyýewiň döreden Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti hem bar. Serginiň ekspozisiýalarynyň biri Magtymguly Pyragynyň egindeşleri – nusgawy şahyrlar Keminä, Seýdä, Mollanepese, Zelilä bagyşlanypdyr. Heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew gipsden «Seýdi bilen Zelili» atly özboluşly kompozisiýa ýasapdyr.

Serginiň guramaçylary Magtymgulynyň doglan we önüp-ösen ýeriniň gözelligini hem ýatdan çykarmandyrlar. Onuň dogduk iline narlar mekany, Aý daglarynyň mesgeni hem diýilýär. Nakgaşlar öz eserlerinde şahyryň dogduk Gerkez obasyna ýüzlenýärler. Magtymguly etrabynyň ajaýyp gözelligini görkezýän sergä hödürlenen tematiki halylar we suratlar hem şeýle gözellik bilen gurşalan, hatda onuň goşgularynda wasp eden mekany hem şahyry ýatladýar.

Muzeý işgärleriniň saýlan beýik şahyr hakda gürrüň berýän eserleri tomaşaçylara Magtymgulynyň bir wagtlar başdan geçiren duýgularyny aňmaga ýardam edýär.