Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylan Änew şäheri özüniň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasy bilen şöhratlanýar. Orta asyrlarda Babagad diýlip atlandyrylan gadymy şäheriň ýerlerinde ilkinji gazuw-agtaryş işleri diňe geçen asyryň başlarynda geçirilen hem bolsa, Änewiň taryhy ýedi müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar.
Änew medeniýetiniň açylmagyna amerikaly geolog Rafael Pampelliniň 1903-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran ekspedisiýasy ýardam etdi. Ýurdumyzyň günortasynda çöl ýerlerde barlag geçirip, ol gadymy obalaryň galyndylaryny ýüze çykardy. Tiz wagtdan bu ýerde başlanylan giň gerimli gazuw-agtaryş işleri birnäçe täze açyşlaryň başyny başlady.
Biziň günlerimize çenli 10 metr belentlikdäki baýyrda ýerleşen gadymy Änew galasy saklanyp galypdyr. Galanyň diametri 300 metr töweregi. Onuň töwereklerinde minaralary bolan galanyň diwarlarynyň galyndylary, şeýle hem ençeme asyrlaryň dowamynda galanyň üstüni gum basan garymlary ýerleşýär.
Özboluşly desgalarynyň hatarynda XV asyryň ortalarynda gurlan Seýit Jemaletdiniň orta asyr metjidiniň harabalygy bar. Onuň uly bölegi 1948-nji ýylyň ýer titremesinde harabaçylyga öwrülipdir. Binanyň 1447–1457-nji ýyllar döwründe Horasany dolandyran teýmirleriň hökümdary – Abul-Kasym Babyryň hökümdarlyk eden döwründe gurlandygy barada metjitde maglumatlar bolupdyr.
Änewiň töwereklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan köp sanly gadymy gymmatlyklar örän gadymy döwürlerde türkmenleriň ata-babalarynyň awçylyk bilen meşgullanandyklaryna, öküzleri, goýun-geçileri, düýeleri eldekileşdirendiklerine hem-de garyşyk ekerançylygy alyp barandyklaryna şaýatlyk edýär. Muny bu ýerde tapylan, biziň eýýamymyza çenli VI-V asyrlara degişli bolan «ak bugdaýyň» däneleri tassyklaýar.
Bu toprakda häzirki döwürde ýaşaýanlaryň, sözüň doly manysynda, taryh bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýändikleri Änewiň ýene-de bir täsinligidir.
Änew şäheriniň «Ak bugdaý» milli muzeýinde amerikan ekspedisiýasynyň geçiren ilkinji gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan gadymy gymmatlyklar saklanýar. Bu ýerde ýaşy, takmynan, bäş müň ýyl bolan bugdaý däneleri, keramikadan we faýansdan gap-gaçlar, süňkden turbajyklar, elde taýýarlanylan işler we ençeme gymmatlyklar bar. Bu gadymy gymmatlyklar hem-de olar barada beýan edilen ýazgylar Änew siwilizasiýasynyň gadymy döwürde Orta Aziýanyň çäklerinde iň ösen siwilizasiýalaryň biri bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.