Ï Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 3765

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda alyp barjak asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Mähirli garşylanandygy hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili Şweýsariýanyň Prezidenti hanym Wiola Amerdiň we Federal Kansleri Wiktor Rossiniň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda diplomat dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýan oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen umumy garaýyşlary hem-de işjeň tagallalary ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi. Bu syýasatyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk we ylym merkezleriniň, sport hem-de medeni maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän milli we halkara ähmiýetli taslamalar barada diplomata gürrüň berildi.

Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek, iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Şweýsariýa Konfederasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Tomas Ştelini Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri hem-de tejribesi üstüne ýüklenen wezipe borçlaryny mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we biziň adymyzdan Siziň Alyhezretiňize ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size uly hormat goýýandygymyz hakyndaky ynandyrmalarymyzy, Türkmenistanyň gülläp ösmegi baradaky arzuwlarymyzy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýäris.

Wiola Amerd,

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti.

Wiktor Rossi,

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Kansleri.