Ï Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanylmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanylmaga berildi

view-icon 6590

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölümlerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary açyldy.

Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary dürli kysymly ulag serişdeleriniň näsazlyklaryny dessine aradan aýyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman anyklaýyş, bejeriş we ölçeýji enjamlar bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde Diýarymyzyň öndürijisi «Aýdyň gijeler» kompaniýasynyň kompýuterleri oturdylan iş otaglary ýerleşdirildi.

Täze binalaryň açylyş dabaralaryna polisiýa bölümleriniň müdirleri, harby gullukçylar, hormatly ýaşulular, aýdymçylar we döredijilik toparlary gatnaşdylar. Çärelere gatnaşyjylar çykyşlarynda täze desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ulag düzümini ösdürmek ugrundaky ýene-de bir ädime öwrülendigini bellediler.