Täze ýaşaýyş jaýyna göçüp barmak – maşgalanyň, onuň agzalarynyň ygtybarly geljeginiň, döwletliliginiň nyşany. Agzybir, döwletli maşgala bolsa, kämil jemgyýetiň özeni. Berkarar döwletimizde adam, maşgala, nesil terbiýesiniň baş maksada öwrülmegi raýatlarymyzyň bagtyýarlygyna öwrülýär.
Bu aladalaryň esasy ugurlarynyň biri hem raýatlarymyzy ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmekdir. Ynha, Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde hem ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň işgärleri üçin jemi 2 sany 4 gatly her biri 24 öýli ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi bu maşgalalaryň baýramçylyk şatlygyny goşa toýa öwürdi.
Degişlilikde «Mizemez gadam» hem-de «Gaýratly dost» hususy kärhanalary tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 20 sany 3 otagly we 4 sany 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Türkmenabat şäheriniň binagärlik keşbine aýratyn bezeg berip duran täze binalar otaglarynyň giňligi we ýagtylygy bilen tapawutlanyp, myhmanlara, çagalara, şeýle hem dynç almaklyga niýetlenen otaglardan, häzirki zaman enjamlary we mebelleri bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr.
Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde çagalaryň dynç almaklary we dürli oýunlar bilen meşgullanmaklary üçin ýörite meýdança gurlupdyr. Täze jaýlaryň açylyş dabarasynyň welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazlary, tanslary bilen utgaşmagy bolsa, jaý toýlaryny ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň agzalarynyň toý gutlaglary bagtyýar zamanamyzyň çuňňur mazmunynyň buýsançly beýanyna öwrüldi.
Şeýle-de dabaranyň dowamynda gümrük gullugynyň edaralaryna dürli görnüşli awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.